Türkmenistanyň prezidenti ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligine täze baştutan belledi.
Türkmenistanyň ozalky milli howpsuzlyk ministri, general-leýtenant Güýçgeldi Hojaberdiýew sişenbe güni geçirilen Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky maslahatynda “saglyk ýagdaýy sebäpli özüniň wezipesinden boşadylmagyny” haýyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, Hojaberdiýew ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy gorag gullugynyň başlygy bolup işläpdi.
Berdimuhamedow onuň işden aýrylmak baradaky haýyşyny kanagatlandyryp, milli howpsuzlyk ministri edip, ýurduň Gümrük gullugynyň ozalky başlygy, polkownik Döwrangeldi Baýramowy belledi.
Ýatladyp geçsek, Hojaberdiýew Milli howpsuzlyk ministrliginiň başlyklygyna geçen ýylyň oktýabrynda bellenipdi.
Agzalýan Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy hem çalşyryldy. Täze iş ýeri belli edilmese-de, general-leýtenant Myrat Yslamow “başga işe geçýändigi sebäpli” diýen kesgitleme bilen öz wezipesinden boşadyldy.
Döwlet gümrük gullugynyň täze ýolbaşçysy edilip, ýurduň ýaragly güýçleriniň Harby-deňiz güýçler serkerdiliginiň serkerdisi general-maýor Begenç Gündogdyýew bellendi.
Maslahatyň dowamynda G.Berdimuhamedow güýç edaralarynyň birnäçe jogapkär ýolbaşçylaryna käýinç berdi. Meselem, prezident “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýen kesgitleme bilen ýurduň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Meýlis Nobatowa “käýinç” yglan etdi. G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary Ýazdurdy Söýegowa hem “berk käýinç” berdi.
Ýazdurdy Söýegowa, beýleki meseleler bilen birlikde, “paýtagtymyzda raýatlary ýazga ýa-da bellige almak boýunça geçirilýän işleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowşadandanlykda” hem aýyplama bildirildi.
Soňky aýlarda – dünýäde nebit-gazyň bahasynyň görnetin pese gaçmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklara uçran döwründe – Berdimuhamedow hökümetiň düzümini has ýygy üýtgedip başlady.
Fewralda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Pälwan Taganow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen wezipesinden boşadyldy.
Şonda Berdimuhamedow ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň arasynda parahorlugyň ýüze çykarylandygyny habar berse-de, parahorlugyň anyk haýsy ýolbaşçylaryň arasynda ýüze çykandygy we bu nogsanyň ýurtdaky gerimi barada anyk maglumat bermedi.