“Gazprom” türkmen gazyny “häzirlikçe almakçy däl”

“Gazprom”

Orsýetiň “Gazprom” kärhanasy Türkmenistandan gaýtadan tebigy gaz satyn alyp başlamagy göz öňünde tutmaýandygyny aýan etdi. Bu barada “Gazpromuň” Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Wiktor Zubkow golaýda eden çykyşynda belläp geçdi diýip, ”RiaNowosti” habarlar gullugy ýazýar.

Žurnalistleriň beren degişli soragyna Zubkow: “Häzirki ýagdaýda Türkmenistandan gazy nähili edip satyn alyp bolar? Ýok” diýip, jogap berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen aý “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom eksport” kärhanasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almak baradaky özara Ylalaşygy möhletinden has öň, birtaraplaýyn görnüşde ýatyryp, türkmen gazyny almagyny bes edýändigini habar berdi.

Ýanwaryň ahyrynda bolsa “Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew Ylalaşygyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýada durmaýandygyny öňe sürdi.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasy 2003-nji ýylda baglaşylan döwletara Ylalaşyk esasynda amala aşyrylýardy. 2028-nji ýyla çenli özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan bu dokumente laýyklykda, “Orta Aziýa-Merkez” we “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijileri arkaly her ýylda Orsýete 80 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýardy.

Gazyň agzalýan Ylalaşykda göz öňünde tutulan möçberine garamazdan, Russiýa eksport edilýän türkmen gazynyň möçberini ýyldan ýyla azaltdy gitdi oturdy. “Reuters” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda Russiýa 40 milliard m3 türkmen gazy akdyrylan bolsa, 2009-2014-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 10-11 milliard m3 çenli azaldyldy. 2015-nji ýylda bolsa rus kärhanasy Türkmenistandan satyn alýan gazyny 4 milliard m3 çenli azaltdy.

2015-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi Orsýetiň 2015-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konsernine akdyrylan gaz üçin bergilerini töläp bilmeýändigini aýdyp, ony “tölege ukypsyz partnýor” diýip yglan etdi.

Munuň yz ýany “Gazprom” “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, Stokgolmyň halkara dawalaryna seredýän suduna ýüz tutup, gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini talap etdi.

Russiýadan başga Türkmenistan gazyny Eýrana we Hytaýa satýar.