Lawrow: “Owgan howpy maslahatlaşyldy”

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Aşgabat. 2016 ý.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana eden saparynyň jemleri boýunça žurnalistlere beren interwýusynda türkmen resmileri bilen beýleki meseleler bilen birlikde Owganystandan abanýan howp barada hem pikir alşylandygyny aýtdy.

S. Lawrow Owganystandan gelip biljek terror howplarynyň, neşe gaçakçylygynyň öňüni almak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek üçin Daşary işler ministrlikleriniň, güýç edaralarynyň we Howpsuzlyk geňeşleriniň arasynda anyk planlaryň bardygyny aýtdy.

Ors diplomaty Aşgabadyň türkmen-owgan serhedini berkitmek ugrundaky tagallalaryna Moskwanyň kömekleşip biljekdigini belläp, şol bir wagtda-da “kömegiň diňe goldawa mätäçlik bolanda berilýändigini” hem belledi.

Lawrow: “[Gepleşikleriň dowamynda Aşgabat] türkmen häkimiýetleriniň [Owganystan bilen] serhediniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwrebap tehnologiýalar arkaly alyp barýan goşmaça çäreleri barada maglumat berdi. Eger-de bu tagallalarda biziň [Russiýanyň] goldawy gerek bolsa, biz, elbetde, munuň bilen gyzyklanarys. Emma, ýene bir gezek ýatladyp geçesim gelýär, bu gün türkmen häkimiýetleri özleriniň Owganystan bilen aradaky serhedi nähili berk saklaýandygy barada jikme-jik maglumat berdiler. Biz hem şundan ugur alyp hereket edýäris” diýdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Owganystanyň Türkmenistan bilen 744 kilometrden gowrak umumy serhediniň ýakasyndaky demirgazyk etraplarynda soňky ýylyň dowamynda ýaragly toparlaryň hüjümleriniň güýçlenmeginiň ýurduň howpsuzlygyna wehim salmagy bilen bagly aladalanmalar güýçlendi.

Şu aýyň başynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça departamentiniň müdiri Aleksandr Strelnik Russiýanyň Türkmenistanyň “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň ýurda girmezligi üçin Owganystan bilen serhedini berkitmegine ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Strelnik Moskwanyň türkmen partnýorlaryny Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhet gulluklary bilen alyp barýan işleri barada habarly edýändigini aýtdy.

Şol wagt Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi rus resmisiniň bu çykyşy we teklibine hiç hili resmi reaksiýa bildirmedi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistana eden iki günlük saparynyň dowamynda Aşgabatda Russiýanyň ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy hem boldy.