Moskwa Aşgabat bilen has ýakyn gatnaşyk isleýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Aşgabat, 28-nji ýanwar, 2016

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana edýän iki günlük saparynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ýapyk we awtoritar ýurdy bilen has ýakyn gatnaşyk alyp barmaga uly isleg bildirýändigini mälim etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana edýän iki günlük saparynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ýapyk we awtoritar ýurdy bilen has ýakyn gatnaşyk alyp barmaga uly isleg bildirýändigini mälim etdi.

Lawrow prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 28-nji ýanwarda geçiren duşuşygynda Orsýetiň howpsuzlyk, neşe gaçakçylygynyň we guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almak meseleleri boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“Esasy meseleler”

Lawrow ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2016-njy ýyl üçin hödürlenýän hyzmatdaşlyk programmasynyň “esasy meseleleriň ählisini”, şol sanda ikitaraplaýyn aragatnaşygy, Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk regionlaryň problemalaryny öz içine alýandygyny habar berdi.

Lawrowyň aýtmagyna görä, Orsýet Türkmenistana Owganystan bilen günorta serhetlerini goramaga kömek bermäge taýýar. Emma Aşgabada edil häzir şeýle ýardam gerek däl.

Lawrow Orsýetiň we Türkmenistanyň regional howpsuzlyga güwä geçmek üçin goranmak hem howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

“Bizde Daşary işler ministrlikleri, howpsuzlyk güýçleri we Howpsuzlyk Geňeşleri tarapyndan berjaý edilmeli ýöriteleşdirilen plan bar, ol potensial howplar babatynda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge we olaryň öz wagtynda öňüni almaga mümkinçilik berer” diýip, Interfaks agentligi Lawrowy sitirleýär.

Sergeý Lawrowyň Aşgabada saparynyň öňüsyrasynda Orsýetiň Türkmenistana “strategik partnýor” hökmünde garaýandygy yglan edildi. Orsýetiň metbugaty 22-nji ýanwarda, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa salgylanyp, saparyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýyň, şeýle-de Ýakyn Gündogarda halkara terrorizme garşy göreş we Ukrainadaky krizis bilen bagly meseleleriň maslahat ediljekdigini habar berdi.

Owganystanyň Türkmenistan bilen 1700 kilometrden gowrak umumy serhediniň ýakasyndaky demirgazyk etraplarynda soňky ýylyň dowamynda ýaragly toparlaryň hüjümleriniň güýçlenmeginiň Merkezi Aziýa regionynyň, şol sanda Türkmenistanyň howpsuzlygyna wehim salmagy bilen bagly aladalanmalar güýçlenýär.

Lawrowyň saparynyň öňüsyrasynda, 26-njy ýanwarda, Türkmenistan “öz harby kuwwatyny artdyrmak maksadyna” gönükdirilen harby doktrinasyny kabul etdi we bu doktrinanyň diňe “goranyş häsiýete eýedigini” mälim etdi.

“Gowy mümkinçilikler”

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda Sergeý Lawrow bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin “köp we gowy mümkinçilikleriň bardygyny” belleýär.

Media maglumatlaryna görä, türkmen lideri, hususan-da tranzit koridoryny ösdürmegiň “uly potensiala” eýedigini belläp, öz wagtynda iki ýurduň arasynda tranzit transport koridoryny döretmek ideýasynyň öňe sürlendigini ýatladyp, häzirki wagtda parom gatnawynyň bardygyny ýatlaýar.

Berdimuhamedow “üstesine, biz ähli gämilerimizi Astrahan regionynda bejerýäris” diýip belleýär.

Türkmenistanyň prezidenti ykdysady-hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň geçen ýylky maslahatynyň ýurtlaryň özara haryt dolanyşygynyň ösmegine getirendigini aýtdy we hyzmatdaşlygyň ösen ugurlarynyň arasynda dokma-senagat, gurluşyk, oba hojalygy we nebit pudagyny agzady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy. “Biz Orsýetiň prezidentine öz çakylygymyzy gaýtalaýarys” diýip, türkmen prezidenti aýtdy.

Öz tarapyndan Sergeý Lawrow şeýle diýdi: “Orsýetiň lideri Wladimir Putin size iň gowy arzuwlaryny ýetirýär, siz bilen Tähranda 2015-nji ýylyň noýabrynyň aýagynda, gaz eksport ediji ýurtlaryň sammitindäki duşuşygyňyzy kanagatlanma bilen ýatlaýar we täze kontakta sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Aýratynam, hormatly prezident Siziň aýdyşyňyz ýaly, başlanan oňyn tendensiýalarda berkitmeli zat hakykatdanam bar”.

Bilelikdäki çäreler

Lawrowyň Aşgabada saparynyň dowamynda Orsýetiň ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Lawrowyň Türkmenistana saparynyň dowanynda Aşgabatda Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça ýörite işçi toparynyň 43-nji maslahaty öz işine başlady. 29-njy ýanwara çenli dowam etjek maslahat hazarýaka döwletleriň Türkmenistanyň, Orsýetiň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirildi.

Gün tertibindäki meseleler

Lawrowyň Türkmenistana geçen ýyl eden ozalky saparynda goşa raýatlyga eýe bolanlary goramak, gaz söwdasyna degili gapma-garşylyklar bilen bagly ykdysady gatnaşyklary gowulandyrmak meseleleri bilen barandygy habar berilýär.

Orsýet Türkmenistandan satyn alýan gazynyň ýyllyk mukdaryny geçen ýylyň başynda 11 milliarddan 4 milliarda çenli azaldýandygy mälim eden bolsa, şu ýylyň başynda türkmen gazyny satyn almak barada ylalaşygy doly ýatyrýandygyny yglan etdi.

Energiýa resurslaryna baý Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk, korrumpirlenen we syýasy hem graždan azatlyklaryny, adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlarynyň biri bolup galýar diýlip, halkara guramalaryň şu ýylyň başynda çap eden hasabatlarynda görkezildi.

2012-nji ýylda ikinji gezek prezidentlige saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşlary we ýakyn töweregi ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryna çäksiz derejede eýelik edýärler.