Aşgabadyň Çoganly, Gaža sebitlerinde müňlerçe jaýyň ýykylmagynyň paýtagtdaky jaýlaryň bahasyna, kireýine täsir ýetirendigi habar berilýär. Maglumata görä, Aşgabatda kireýine berilýän jaýlaryň bahasy tas iki esse diýen ýaly gymmatlady.
Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň maý-iýun aýlarynda Çoganly we Gaža sebitlerinde 15 müň çemesi jaý ýykylypdy. Şonda müňlerçe ýaşaýjynyň jaýsyz galandygy habar berlipdi.
Azatlyk Radiosy bu sebitlerdäki jaý ýykyşlygynyň paýtagtda kireýne berilýän jaýlarynyň bahasyna we kireýine ýetiren täsirleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar