Dollar satmazlygyň “sebäbi” aýdyldy

Aşgabatda dollar satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Türkmenistanda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizildi we mundan beýläk fiziki şahslar daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda habar berilýär.

Türkmen bankynyň ilat köpçüligi üçin ýaýradan maglumatynda “2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pullaryny satyn almagy we satmagy amala aşyrýan ygtyýarly karz edaralarynda ýa-da olaryň alyş-çalyş nokatlarynda fiziki şahslara daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizildi” diýilýär.

Resmi maglumatda bu çäräniň esasy maksatlarynyň biriniň Türkmenistanda “jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň” öňüni almak bilen baglanşyklydygy aýdylýar.

Dollar diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satylar

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Türkmen bankynyň ýaýradan press-relizi Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata daşary ýurt pullarynyň satuwy resmi taýdan bes edilen wagtyna gabat geldi. 12-nji ýanwarda Aşgabadyň resmi walýuta alyş-çalyş nokatlary ilata daşary ýurt puluny satmagy doly bes etdi.

Resmi maglumatda ilata her aýyň dowamynda 1000 amerikan dollaryna deň bolan daşary ýurt puluny satmak baradaky düzgüniň saklanyp galýandygy aýdylýar. Emma şol bir wagtda-da mundan beýläk fiziki şahslaryň daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp biljekdigi habar berilýär.

“Fiziki şahslar daşary ýurt puluny satyn almak üçin töleýän puluny öz manatdaky bank hasabyna geçirer. Fiziki şahsyň satyn alýan daşary ýurt puly bolsa, onuň halkara (Visa, MasterCard) plastik kart hasabyna geçirip berler” diýlip, resmi bildirişde aýdylýar.

Täze düzgünleriň maksatlary

Şeýle-de nagt görnüşde töleg etmek isleýän fiziki şahslardan olaryň “pul serişdeleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan dokumentleriň talap ediljekdigi” hem nygtalýar. Emma şol bir wagtda ilata nagt görnüşinde daşary ýurt pulunyň satylyp-satylmajakdygy barada takyk maglumat berilmeýär.

Resmi maglumatda bu üýtgetmeleriň Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen girizilýändigi aýdylýar.

Emma mundan ozal türkmen mediasynda ýurtda “jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň” näderejede ýaýrandygy barada anyk maglumatlar berilmändi.