Britan alymlary adamynyň aşa köp iýmeginiň we yz ýany aşa semremeginiň sebäplerini anyklapdyrlar.
Britaniýanyň Ekseter uniwersitetiniň alymlary aşa köp iýmegiň sebäpleriniň adamynyň beýnisiniň belli bir böleginde, ýagny teýaňda gizlenýändigini, bedende ýagyň ýygnanmagyna bolsa ewolýusion mehanizmleriň jogapkärdigini anykladylar diýlip, ”phys.org” neşri ýazýar.
Genetiki ýatkeşlik
Maglumatda alymlaryň barlaglaryna salgylanmak bilen bellenişine görä, geçmişde aşa agram adamzadyň ýaşamak ukybyna howp salmandyr. Tersine, çakdanaşa arryklyk adamynyň ýaşaýşyna has uly howp döredipdir.
Adamynyň bedeni aýratyn hem gyş paslynda, iýmit tapmagyň has kyn bolan wagtynda ýag ýygnamaga ýykgyn edýär. Ylmy barlaglara laýyklykda, bu genetiki ýatkeşlik bilen bagly bolup, adamynyň gyşda has köp iýmit iýýändigini belli bir derejede düşündirip bilýär.
Işdä gözegçilik
Adamzadyň genetiki taýdan ýatda saklap gelýän bu endiginden başga-da alymlar adamynyň işdäsine gözegçilik etmek ukybynyň-da wagtyň geçmegi bilen has gowşandygyny anyklapdyrlar.
Alymlaryň adam bedeniniň kadaly agramyny kesgitlemek boýunça geçiren öwrenmeleriniň netijesine görä, beden agramyň azalmagyna derhal reaksiýa görkezýär we iýmit talap edip başlaýar. Emma agramyň köpelmegine reaksiýa bildirmeýär aşa köp iýmeklige garşy çykmaýar.
Aýratynam “emeli” iýmitler babatynda adam bedeniniň öz-özüne gözegçilik ukyby hasam gowşaýar. Tagamy güýçlendirýän goşundylary öz içine alýan häzirki döwrüň iýmiti ewolýusiýadan has güýçli bolup çykdy” diýip, ylmy barlaglaryň awtorlarynyň biri professor Andrew Higginsonyň bu dogrudaky sözleri sitirlenýär.
Şeýle-de aşa semremegiň sebäpleriniň arasynda adamynyň iýmiti özleşdirýän beden agzalaryndaky kemçilikler, gormonlaryň deňagramlylygynyň üýtgemegi, süňk-et sistemasyndaky näsaglyklar, nädogry iýmitlenmek we däri-dermanlaryň täsiri ýaly sebäpler hem öňe görkezilýär.