"Harabaçylykdaky Taňry" baýrak aldy

Keýt Atkinson

Britan ýazyjysy Keýt Atkinsonyň (Kate Atkinson) «Harabaçylykdaky Taňry» romany ýylyň iň gowy romanyna berilýän Kosta baýragyna mynasyp boldy.

Sudýalar bu eseri «aňrybaş derejede ajaýyp» diýip atlandyrdylar.

Atkinson Britaniýada we Irlandiýada ýaşaýan iňlis dilli ýazyjylaryň ýazan iň gowy romanyna berilýän Kosta sylagyna üç gezek mynasyp bolan ilkinji ýazyjy boldy: ol 2013-nji ýylda «Ömürden soňky ömür» (Life After Life), 1995-nji ýylda “Muzeý sahnalarynyň arkasynda» atly romany üçin Kosta baýragyna mynasyp bolupdy.

Bu eser Keýt Atkinsonyň dokuzynjy romanydyr.

Atkinsonyň sudýalar tarapyndan «genial kitap» diýlip atlandyrylan täze romanynda Ikinji Jahan urşunda bombalaýjy bolan pilot Teddi Tod barada gürrüň berilýär.

“Harabaçylykdaky Taňry» belki-de meniň ýazan iň gowy romanymdyr» diýip, Atkinson aýdypdyr.

Şu ýyl Kosta baýragy üçin Birleşen patyşalykda we Irlandiýada ýaşaýan 630-dan gowrak ýazyjynyň kitaby hödürlenipdir.

Atkinson bilen bile ýene dört ýazyjy dürli kategoriýalar boýunça ýeňiji diýlip atlandyryldy, olaryň her biri £5,000 alar.