Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Detektiwçi ýazyjylar Stambulda ýygnanarlar


Agata Kristi (Agatha Christie).
Agata Kristi (Agatha Christie).

"Agata Kristiniň (Agatha Christie) agtygy Matew Riçard hem Stambulda geçiriljek şol halkara festiwala gatnaşar".

"Gündogar ekspresinde jenaýat" eseriniň ýazylan myhmanhanasynda

Dünýä belli detektiwçi ýazyjy Agata Kristiniň 125 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dürli ýurtlarda "Gara hepde festiwaly" geçirilýär.

Şeýle festiwallaryň biri hem Stambulda 22-nji oktýabrdan 24-nji oktýabra çenli geçiriler.

Bu mynasybetli dünýäniň iň tanymal detektiw ýazyjylary (Britaniýadan Aleksandr Makkal Smit, ABŞ-ndan Lesli S. Klinger, Italiýadan Roberto Kostantini, Şwesiýadan Arn Dahl, Kolumbiýadan Mario Mendoza Zambrano) Stambulda ýygnanmakçy.

Agzalan detektiwçi ýazyjylar 24-nji oktýabrda Stambulyň dört sany kitap dükanynda okyjylar üçin kitaplara gol çekerler.

Agata Kristiniň agtygy Matew Riçard hem Stambulda geçiriljek şol täsin festiwala gelmekçi.

"Zenan detektiw ýazyjylar", "Jenaýatkäri tutmak", Agata Kristiniň "Jenaýat we jeza" eseri, "Detektiw yörgünli ugur ýaly", "Detektiw şäher hekaýaty ýaly", "Detektiwler baş gahrymanlar ýaly" atlar bilen dürli temalardan pikir alşyklar geçiriljek.

Festiwal "Pera Palace Jumeirah" atly myhmanhanada geçiriljek. Çünki, ol myhmanhana Agata Kristiniň Stambul saparlarynda düşlän ýeridir. Myhmanhanada Agata Kristiniň kitaplarynyň ilkinji nusgalarynyň sergisi gurnalar.

Agata Kristi 1926-njy we 1932-nji ýyllar aralygynda "Pera Palace Jumeirah" atly myhmanhana ýygy-ýygydan gelipdir. Ol meşhur eserleriniň biri bolan "Gündogar ekspresinde jenaýat" atly kitabyny bu myhmanhananyň 411-nji nomerli otagynda ýazypdyr. Häzir ol otag "Agata Kristiniň otagy" diýen ady göterýär.

Festiwalyň ähli çäreleri we üýşmeleňleri jemgyýetçilik üçin mugt bolar.

XS
SM
MD
LG