Azatlyk Radiosynyň okyjylaryndan gelip gowşan maglumatlara görä, welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegine heniz hem rugsat berilmeýär.
Bilşimiz ýaly, Bitaraplyk baýramyna we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyklaryň öňýanynda, welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegine gadagançylyk girizilipdi. Okyjylarymyzyň berýän maglumatyndan çen tutulsa, şeýle çäklendirme heniz hem dowam edýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen bir salym ozal söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar