Türkmenistanda daşary ýurt pullary bikanun satylanda we satyn alnanda kanunyň öňündäki jogapkärçilik has berkidilip, bu baradaky degişli düzediş Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakyndaky Kodeksine girizildi.
Mundan beýläk Kodeksiň 279-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda:
Daşary ýurt puluny satyn almak we satmak geleşikleriniň bikanun amala aşyrylmagy - binýatlyk mukdaryň on bäşinden ýigrim bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna we obýektiň konfiskasiýa edilmegine eltýär.
Belli bolşy ýaly, mundan owal bu ýagdaýda binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynýardy, şeýle-de obýektiň (puluň – red.) konfiskasiýa edilmegi asla göz öňünde tutulmaýardy.
Obýektiň konfiskasiýa edilmegi
Düzediş girizilen 279-njy maddanyň 2-nji bölegine laýyklykda bolsa:
Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi - binýatlyk mukdaryň ýigrim bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna we obýektiň konfiskasiýa edilmegine eltýär.
Ozalky kanunçylykda, ýokarky agzalan kanunbozma üçin binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltip, bu ýagdaýda hem obýektiň konfiskasiýa edilmegi asla göz öňünde tutulmaýardy.
Sebäpler we maksatlar
Türkmenistanyň resmi mediasynda daşary ýurt pullaryny bikanun satmak we satyn almak baradaky kanuny jogapkärçiligiň we jerimeleriň has berkidilmeginiň sebäpleri we maksatlary barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Emma bu ýurduň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar satyn almak operasiýalary babatynda, şol sanda her aýda satyn alyp bolýan dollara çäk girizmek, dollary ýaşaýjylaryň diňe ýaşaýyş ýazgysyna görä satmak ýaly çäklendirmeleriň girizilmegine; şeýle-de munuň netijesinde dollaryň “gara bazarynyň” giň ýaýrap başlandygy baradaky habarlaryň peýda bolan wagtyna gabat geldi.
"Gara bazara" bolan mätäçlik
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, dollaryň “gara bazary” ýurtda ABŞ-nyň dollarynyň söwdasynyň çäklendirilmegi netijesinde ozalky prezident S.Nyýazow döwründe döräpdi. Mälim bolşy ýaly, şol döwürde resmi alyş-çalyş nokatlarynda dollar satylmansoň, dollar “gara bazary” döräpdi we ondaky dollaryň kursy resmi taýdan kesgitlenen kursdan dört essä golaý ýokarydy.
Emma 2008-nji ýylda dollaryň berkidilen kursy hereket edip başlady. Şondan soň ýurt boýunça döwlete degişli hem-de kommersiýa banklarynyň resmileşdirilen alyş-çalyş nokatlary açylyp, dollar “gara bazaryna” bolan mätäçlik görnetin peseldi.
Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzir ýurduň alyş-çalyş nokatlarynda dollara girizilen çäklendirmeler sebäpli, dollaryň “gara bazarynyň” täzeden möwjäp başlandygyny habar berýärler.