Kitaba wagt tapmagyň 10 usuly

Kitap okaýan gyz.

Köpimiziň kitap okamaga, dogrudanam, wagtymyz bolmaýar. Gündelik iş-aladanyň arasynda wagt tapyp, kitap okamak üçin näme etmeli? Wagty bolmasa-da, yzygiderli kitap okamany başaran adamlaryň maslahatlary.

0. Bu problema gezek gelende, günbatar ýurtlarynda indi jemgyýetde giňden ýaýran bir çykalga ulanylýar. "Kitap okamaga wagtyň ýok bolsa, kitaplaryň audio, ýagny ses ýazgylaryny al, ýolda, sportzalda, işläp ýören mahalyň diňle". Azerbaýjanda bolsa häzirlikçe audio, ýagny ses ýazgysy görnüşindäki kitaplar elýeter däl.

1. Köp adamlar, kitap okamaga wagty bolmany üçin, täze kitaplary almaýarlar ýa-da alaýanda-da gaty az alýarlar. Ýöne öýünde 10-15 sany täze kitaby alyp goýan adama ol kitaplardan hemişe: "Bizi oka, bizi oka" diýen ylham tolkunlary gelip durandyr. Şonuň üçinem kitap alnan mahaly köpräk alynmaly. Ýagny, her biri 600 sahypalyk däl-de, azrak sahypaly ýeňil okalýan kitaplardan almaly.

2. Haýsam bolsa bir zatdan wagt tygşytlamaly: ýatýan wagtyňdan, işleýän wagtyňdan, dostlaryň ýa-da maşgala agzalaryň, dogan-garyndaşlaryň bilen bilelik-de geçirýän pursatlaryňdan wagt tygşytlap bilersiň. Eger "geljekde okamaga has arkaýyn wagt taparyn" diýip pikir edýän bolsaň, onda bilip goý, şeýle pursat hiç haçan gelmez!

Sosial ulgamda goýlan wideolary we makaladyr-habarlary açyp gören mahalyň, gije uka gitmezden öň, şäher ýaňy ukudan oýanan mahalyň kitap okap bolýar.

3. Öz öňüňde - aýda iň azyndan bir kitap okamaly diýen maksat goý. Iň bolmanda iki aýda bir kitap okajak bol. Olam bolmasa, üç aýda bir kitap okamaly diýen maksat edin.

4. Emma welin hiç haçan kitap okamagy mejbury ýagdaý ýaly kabul etme. Kitap okamakdan keýp almany öwren. Özüňi gyzyklandyrýan temalardaky kitaplary oka.

Kitaby halamasaň, onda ony zoraýakdan okajak bolma.

Ol kitaby bir tarapa goýda, okamaga başga kitap gözläp tap. Islemedik, göwnemedik kitabyňy okamak, adamy biraz wagtlap hemme kitaplardan hem irizip biler.

5. Kitaplaryň temalaryny ýygy-ýygydan çalyş. Hemişe şol bir temadaky kitaplary okama. Meselem, biznes hukugy barasynda kitap okaýan bolsaň, ondan soň bir roman okap gör.

6. Haýsam bolsa bir dostuňdan, işdeşiňden ýa-da maşgalaňdan birinden birnäçe sahypa kitap okajak bolýan, gaýrat et-de, onýança meniň etmeli işimi ýa şol işiň bir bölegini et diýip haýyş etseň, olaryň bu haýyşy bitirjekdigini görersiň.

7. Dostlaryň bilen öz araňyzda bir kitap klubyny dörediň. Bir kitapdan birnäçe sanysyny alyň. Hemmäňiz şol bir wagtyň özünde birmeňzeş kitaby okaň: "Sen pylan ýere ýetdiňmi?" diýip, kitap barasynda pikir alşyp, kitap okamagy has gyzykly waka öwrüň. Şol bir wagtyň özünde hem okan kitaplaryňyzy beýleki agzalara hem ýetiriň. Kitap klublarynyň hem edil köp şahaly ýaýrawly agaçlar ýaly agzalary kän bolýandyr.

8. Ýanyňda hemişe göterýän elektronik enjamyňda her günde kitap oka. Bankda nobata duran mahalyň, restoranda oturmaga ýer boşaryna garaşýarkaň, tam süpüriji seniň otagyňy ýygnaşdyrýan wagty smartfonuň ekrany kitap okamagyňa kömek edip biler.

9. Hemişe ýanyňda bir kitap göter. Garaşylmadyk pursatlarda özüň üçin 5 minutlyk gysgajyk arakesmeler döret we "näme etsemkäm" diýip kelle döwüp oturman, ýanyňda göterip ýören kitabyňy aç-da oka.

10. Kitap okamak bilimiňi, pikriňi, ýatkeşligiňi, ünsüňi, ýazmak ukybyňy, söze çeperligiňi kämilleşdirýär. Şonuň ýaly-da kitap okamak adama aýratyn lezzet berýär. Şol sebäpdenem kitap okamak üçin günde 15 minut wagt tap.