Rak keseli bir damja gandan anyklanýar

Alym gan barlagyny geçirýär

Alymlar adamyň bir damja ganyny barlamagyň esasynda bedende rak, ýagny düwnük keseliniň bardygyny ýa-da ýokdugyny we onuň görnüşini anyklamagyň usulyny tapdylar.

“Cancer Cell” neşirinde çap bolan maglumatda Şwesiýanyň, ABŞ-nyň we Gollandiýanyň alymlarynyň döreden täze barlag usulynyň takyklyk derejesiniň 96%-e deňdiginiň tassyk bolandygy aýdylýar.

Bu täzeçe barlag usulynyň trombosidleriň ribonuklein turşusynyň (RNK) analizine esaslanýandygy bellenilýär.

Alymlar täze anyklaýyş usuly arkaly 283 adamynyň ganyny barlap, 228 adamda rak, ýagny düwnük çişiniň dürli görnüşleriniň bardygyny anyklapdyrlar.

Habar berlişine görä, täze usul arkaly öýkende, süýt mäzlerinde, garyn asty mäzlerde, beýni, bagyr, ýogyn we inçe içegelerdäki düwnük çişlerinden ejir çekýän hassalaryň 71%-inde rak keseliniň nädip dörändigi takyk anyklanypdyr.

Bu täze usulyň netijeliliginiň kliniki barlaglar arkaly tassyklanandygy habar berilýär.

Mundan öň britaniýaly alymlar (BRCA1) testi arkaly anyklanýan düwnük keseline eňňidi bolmadyk, emma düwnük keseline uçran aýallaryň ganynda üýtgeşiklikleri anyklamagy başarypdylar. Şol barlaglaryň netijesinde immun sistemasynda DNK öýjükleriniň üýtgemeginiň keseliň döremeginden birnäçe ýyl öňürti belli bolandygy anyklanypdy we gan nusgasynyň esasynda göwüsde düwnük çişiniň döremeginiň ähtimallygyny anyklap boljakdygy aýdylypdy.

Şeýle-de, agzalýan ugur boýunça, süýt mäzlerinde we siýdikhaltada döreýän howply çişleri howpsuz görnüşe geçirmegiň ýoly işlenip düzülipdi.