Türkmenistanlylar Fransiýa duýgudaşlyk bildirýärler

Aşgabat duýgudaşlyk bildirýär

Käbir türkmenistanlylar Fransiýada bolan terrorçylykly waka duýgudaşlyk bildirip, Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde gülleri goýup, şem ýakdylar. 13-nji noýabrda fransuz paýtagty Parižiň dürli ýerlerinde amala aşyrylan atyşyklarda we partlamlarda 132 adamyň ölendigi habar berilýär.

Şu gün Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne aýlanyp geldi. Fransuz ilçihanasynyň öňündäki ýagdaýlar barada Soltan Açylowa bilen geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanlylar Fransiýa duýgudaşlyk bildirýärler