Türkmenistanda awtoulag eýeleriniň öz ulaglaryny sürmek üçin ynam hatyny diňe ýakyn garyndaşlaryna bermegini göz öňünde tutýan täze düzgün girizildi.
Türkmenistanyň “Notariat we notarial işler” boýunça kanunyna goşmaça girizmek hakynda 24-nji oktýabrda gol çekilen kanunda “ýeňil, ýük ulaglaryny, awtobuslary, mikroawtobuslary sürmäge we ulanmaga hukuk berýän ynam hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe öz ýakyn garyndaşlaryna başgalara ynanmaga hukuk bermezden” düzülip bilner diýilýär.
Azatlyk Radiosy bu täze düzgün we onuň ilata ýetiräýmegi mümkin täsirleri barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar