“Talyban” owgan zenanyny daşlaýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Talyban" owgan zenanyny daşlap öldürýär

Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Azat Owganystan gullugyna bir wakany öz gözi bilen gören adamdan wideoýazgy gelip gowuşdy. Bu wideoda Owganystanyň merkezi welaýaty Gorda öten hepde 19 ýaşly zenanyň rehimsizlik bilen daşlanyşy bar.

Iki minutlyk wideoda bir topar adam çukuryň içine dykylan we üsti bürelgi birini daşlaýarlar. Bir aýylyň naýynjar agy sesi aýyl-saýyl eşidilýär.

Ýerli hökümet işgäri Mohammad Zaman Azimi bu işi edenler diýip "Talyban" söweşijilerini aýyplaýar.

Aziminiň aýtmagyna görä daşlanan 19 ýaşly Rohşana. Ol öz 23 ýaşly adaglysy Mohammad Gul bilen durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşykda bolanlykda aýyplanypdyr. Mohammad Guluň hem gamçylanandygy habar berildi.

Durmuşa çykmadyk owgan gyzlary

”Talyban”, umuman, ahlak meselesinde erkeklere ýumşak çemeleşse-de, aýallara zabun daraýar. Häzirlikçe welin, bu ýaş aýalyň näme üçin beýle agyr jezalandyrylandygy doly belli däl.

Azimi bu wakanyň Gor welaýatynyň merkezi Firoz Kuhuň eteginde ýerleşýän Galmin obasynda bolandygyny aýdýar.

Owganystanda durmuşa çykmadyk gyzlar köplenç öýden çykarylman saklanýar. Olara öz ýakyn garyndaşlary bolmasa, başga erkekler bilen gürleşmek ýok. Jemgyýyetçilik düzgünlerini bozýan aýallar bolsa köplenç berk jezalandyrylýar.

Owgan kanunynda zynada günäli tapylanlara uzak möhletli türme tussaglygy berilse-de, olary daşlap öldürmek gadagan.

Owgan häkimiýetleri

”Talyban” 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli ýurtda höküm sürende zynada günäli tapylanlar uly märekäniň öňünde ýa atylyp öldürildiler ýa-da daşlanyp.

”Talyban” jeňçileriniň täsiri güýçli bolan oba ýerlerinde owganlaryň öz dawa-jenjellerini çözmek üçin ”Talybanyň” sudlaryna ýüz tutýan mahallary şu wagt hem az bolanok. Munuň bir sebäbi - adamlaryň hökümet organlaryna parahor diýip garaýanlygy ýa-da olara ynam etmeýänligi. ”Talyban” sudlary şerigat kanunyna berk eýermek bilen daşlap öldürmek ýa atuw ýaly jezalary berýär.

”Talybanyň” güýçleriniň kontrollygyndaky etraplarda bir erkek ýa bir aýal başga biri bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda günäli tapylsa, ölüme höküm edilýär. Beýleki halatlarda bolsa jemgyýetçiligiň öňünde gamçylanýar.

Owgan häkimiýetleri bular ýaly jezalarda köplenç ”Talyban” jeňçilerini günäleýärler.

Habarlar seýrekleşipdi

2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Owganystana çozulyp girileli bäri daşlandy diýilýän habarlar seýrek eşidilýär.

2012-nji ýylda paýtagt Kabulyň demirgazygynda ýerleşýän Parwan welaýatynda 22 ýaşly bir aýal zynada aýyplanyp, atylyp öldürildi. Şol ýylyň aýaklarynda ýurduň günbataryndaky Herat şäherinde hem 16 ýaşly bir gyz ilki gamçylandy, soňra hem öz halaşýan ogany bilen birlikde öldürildi.

Gor welaýatynda aýallaryň işlerine gözegçilik edýän edaranyň başlygy Masuma Anwary aýallaryň welaýatdaky ýagdaýyna gaty gynanýar.

"Işe ukypsyz”

Ol bular ýaly wakalara ýol açýan ýerli häkimiýetleriň we howpsuzlyk güýçleriniň "işe ukypsyzlygy" diýýär.

31-nji awgustda bir ýaş erkek bilen bir aýal zynada günäli tapylyp, ile göz edilip gamçylandylar.

Goruň zenan häkimi Sima Joýenda bu hökümi goldanlygy üçin ýurduň içindäki hem-de daşyndaky hukuk toparlary tarapyndan berk tankytlandy.

Ýöne wezipesinden çekilmegi talap edilýän gysyş astyndaky häkim bu hökümiň kanuna ters däldigini aýdýar.

Ol Ariana habar gullugyna şeýle diýýär: "Owganystan bir musulman ýurt, Gor hem Owganystanyň bir welaýaty. Onsoň biz yslam kununynyň we öz konstitusiýamyzyň aýdýanlaryndan boýun gaçyryp bilemzok".