"Talyban" türkmen serhedindäki ada gaçdy

"Talyban" söweşijisi.

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum tarapyndan ýakynda başladylan hüjümleriň netijesinde onlarça talyban söweşijisi Amyderýadaky ada gaçyp bardy. Bu derýa Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýär.

Şu hepdäniň başynda Dostumyň harby güýçleri demirgazyk Owganystanyň Farýab welaýatynda “Talyban” tarapyndan basylyp alnan birnäçe obada operasiýalary geçirip başlapdy.

23-nji oktýabrda Jowzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdulrahman Mamudi Dostumyň güýçleriniň 30 çemesi söweşijini öldürendigini hem-de olaryň ulaglaryny, ýaraglaryny we ok-däri serişdelerini ele salandygyny aýtdy.

Mamudi talyban söweşijileriniň birnäçesiniň gürrüňi edilýän ada gaçyp gidendigini tassyklady. Şeýle-de, ol türkmen häkimiýetlerine türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky etraplarda alnyp barylýan harby operasiýalar barada öňünden doly maglumat berildi diýip, owgan güýçleriniň “Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen sazlaşykly işleýändigini” aýtdy.

Dostumyň metbugat wekili Sultan Faizi hem söweşijileriň Amyderýadaky ada gaçyp gidendigini tassyklap, owgan häkimiýetleri bu mesele dogrusynda öz türkmen kärdeşleri bilen habarlaşdylar diýdi.

Şeýle-de, Faizi Dostumyň güýçleri gürrüňi edilýän adadaky söweşijilere hüjüm etmegi planlaşdyrýar we owgan güýçleri türkmen häkimiýetlerini talyban söweşijileriniň Türkmenistana gaçyp girmäge synanyşmagynyň mümkindigi dogrusynda duýdurdylar diýdi.

Azatlyk Radiosynyň bu meseleler barada Faizi bilen geçiren söhbetdeşliginiň doly görnüşini aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Talyban" türkmen serhedindäki ada gaçdy