Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowizjan welaýatynyň Hamýap etraby birnäçe gün söweşijileriň kontrollygynda bolandan soň, owgan hökümet güýçleri tarapyndan gaýtadan ele salyndy. 22-nji oktýabrda geçirilen bu harby operasiýalara general Raşid Dostum ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etrabyndaky howpsuzlyk ýagdaýlary barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.