Orsýet Owganystanyň howpsuzlygyna özüniň goşant goşmaga meýillidigini bildirdi. Bu prezident Wladimir Putine günbatar täsirine täze zarba urmak bilen Moskwanyň global ähmiýetini artdyrmaga kömek boljak.
16-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletler Arkalaşynyň Gazagystanda geçen sammitinde ors prezidenti Owganystandaky ýagdaýy "çyndan howply" diýip häsiýetlendirdi.
Putin şeýle hem: "Dürli terroristik toparlaryň täsiri artýar. Olar özleriniň giňeme baradaky planlaryny ýaşyryp duranoklar" diýip duýduryş berýär.
Ors prezidenti goňşularyny muňa "sazlaşykly reaksiýa görkezmäge taýýar bolmaga" çagyrdy.
Kömege taýyn
13-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Owganystanda bolýan wakalary Moskwanyň ýakyndan yzarlaýandygyny we howpsuzlyga gorky salýan ýagdaýa garşy göreşinde Kabula kömek etmäge taýyndygyny aýtdy.
Moskwa harby kömege mätäç Owganystanyň hem ünsüni özüne çekmän duranok. "Talyban" toparynyň we "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine garşy göreşde Kabula kämilleşdirilen ýaraglar we söweş uçarlary gerek.
Ýöne Lawrowyň öten hepde bildirmegine görä, Kabul Moskwadan göni harby kömek soramandyr.
Pitneçileriň hüjümleriniň artmagyny, Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleriniň basym ýurdy terk etmäge taýynlanýandygyny göz öňünde tutup, owgan wekilleri Orsýetiň paýtagtynda kömek sorap, gapylary kakýarlar.
“Owganystany eýelemek üçin bir bahana”
Owgan parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygynyň orunbasary Mohammd Nazair Ahmadzai kömek soramakda Orsýete nähili ýüzleniljekdigini şeýle düşündirýär: "Biz olara 'Yslam döwleti' atly toparyň jeňçileri diňe bir Owganystana däl, eýsem biziň goňşularymyza-da howp bolup durýar diýeris. Ýöne biz goňşularymyzyň Owganystanyň özbaşdaklygyny bozmaly däldigini we Owganystanda hiç bir harby operasiýa ýol bermejekdigimizi hem aýdyň düşündireris".
Kabul uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Najip Mahmud sowet döwründe Owganystanyň ýaragly güýçlerine berlen goldawa salgylanýar.
"Orsýet bir güýçli goňşy. Onuň Owganystan bilen uzak taryhy harby hyzmatdaşlygy bar. Owganystanyň harby ýolbaşçylary we ekspertleri Moskwada bilim aldylar. Olar ors tehnologiýasyndan habarly" diýip, Mahmud aýdýar.
Ýöne Orsýetden harby kömek soralmagyny hemmeler oňlanok.
"Orsýet biziň ýurdumyzda urşup, 'Yslam döwleti' toparyndan dynjakdygyny aýdýar. Ýöne bu Owganystany eýelemek üçin bir bahana. Olar Owganystany öz golastyna getirmegi hemişe isläp geldiler. Munuň bir oňat netijesi bolmaz" diýip, Kabul uniwersitetiniň studenti Hasib aýdýar.
Kabully mugallym Saltanat hem öz gorkusyny şeýle beýan edýär: "Orsýet hiç bir delil bilen Owganystana gelmeli däl. Orsýet Owganystana aralaşsa, Orsýet bilen Amerika biri-birine garşy durar. Owganystan bularyň arasynda galyp, dargar".