Türkmenistan täze biometriki pasporta geçeninden soň köne pasportly, ylaýta-da daşary ýurtlarda maşgala gurup ýaşaýan ýa-da işleýän migrantlaryň durmuşynda käbir kynçylykly öwrümleriň dörändigi aýdylýar.
Daşary ýurt raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlarynyň ýa-da türkmen migrantlarynyň täze pasport almak üçin Türkmenistana gidip, yzyna dolanyp bilmän galýandygy barada häli-şindi dürli habarlar eşidilýär.
Eýsem, täze pasport almak üçin Türkmenistana gidip, soňam yzyna dolanyp gelenler ol ýerde nähili ýagdaýlary başdan geçirýär?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistandan dokumentlerini düzedip, dolanyp gelenleriň tejribelerine bagyşlady.
Gepleşigimizi diňläp, pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar