Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Kaspi deňzindäki söweş gämilerini gözden geçirdi, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň döredilen gününiň hormatyna harby-deňiz parady geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Prezident Berdimuhamedow paraddan öň Türkmenbaşyda ýurduň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmen metbugaty döwlet baştutanynyň harby aýdym-saz toparynyň çykyşy tamamlanandan soň, bu toparyň ýolbaşçysy Öwezgylyjow bilen çeper sungatyň aýratynlyklary barada söhbet edendigini we özüniňem «wagt tapyp», watan, milli tug temasyndan goşgy döredýändigini habar berdi.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow öz goşgusyndan bir bendini aýdyp beripdir we harby gullukçylardan düzülen aýdym-saz toparynyň agzalary onuň goşgy setirlerini «alyp göteripdirler».
«Şunlykda, hormatly prezidentimiziň zehininden kemal tapan goşgy setirleri aýdym bolup ýaňlandy» diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.
Gepiň gerdişine aýdylsa, bu prezidentiň goşgy setirleriniň ilkinji gezek aýdym edilip aýdylyşy däl; G.Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilendigi aýdylan ilkinji aýdym baryp 2011-nji ýylda, onuň 54 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanyp guralan konsertde halka ýetirilipdi.
Prezidentiň 'sowgatlary'
Türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň täze binanyň açylyş dabarasyndan soň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýolbaşçylaryna «sowgat hökmünde», täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurandygyny habar berýär.
Şunlykda, hormatly prezidentimiziň zehininden kemal tapan goşgy setirleri aýdym bolup ýaňlandy.Türkmen telewideniýesi
Soňra, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi we prezident bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek, parahatçylygy we döwletiň däňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Harby-deňiz garnizonynyň döredilendigini belledi.
Türkmen lideriniň Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda ýurtda gurlan täze gäminiň suwa goýberiliş dabarasy we ýurduň günbatar sebitindäki ilkinji dabaraly harby-deňiz ýörişi hem geçirildi.
Türkmen telewideniýesi ýurduň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe general-polkownik çini bilen birlikde prezident Berdimuhamedowyň «Watan goragy mukaddesdir» atly täze kitabynyň hem sowgat berlendigini aýdýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Mundan ozal prezident Berdimuhamedowyň derman ösümlikler, atlar, halylar, öz kakasy... barada kitap ýazandygy, ol kitaplaryň dürli halklaryň dillerine terjime edilendigi habar berlipdi.
Şeýle-de prezident Berdimuhamedow Balkanda harby gullukçylara nobatdaky at-derejeleri bermek baradaky permana gol çekendigini aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna Özbegistana eden resmi saparyndan soň bardy we Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow bilen geçirilen gepleşikleriň esasan regional howpsuzlyk meselelerine bagyşlanandygy aýdylýar.