Kärizowa Moskwada haýbat atylandygy aýdylýar

Tanymal türkmen atşynasy Geldi Kärizow.

Tanymal türkmen atşynasy Geldi Kärizowa we onuň maşgalasyna nämälim adamlar tarapyndan haýbat atylandygy habar berilýär. Bu barada “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýany alyp barýan aktiwistleriň 5-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Ýatladyp geçsek, ahal-teke atlarynyň gorap saklanmagyna goşant goşan Geldi Kärizow we onuň maşgala agzalary on ýyldan gowrak wagt Türkmenistandan goýberilmän saklanyp, bu ugurda adam hukuklaryny goraýan guramalaryň uzak wagtlap alyp baran işleriniň netijesinde şu ýylyň sentýabr aýynda ýurtdan goýberilipdi.

Duşenbe güni ýaýradylan beýanatda Kärizowlaryň maşgalasy Moskwanyň “Tsarytsino” metrosyndan çykyp barýan mahaly, olara nämälim adamlar ýakynlaşyp, olaryň biri Geldi Kärizowyň golaýynda saklanyp, türkmençe: “Sen gadyrbilmez doňuz. Olar saňa sesiňi çykarmaly däldigiňi aýtdylar. Seniň aýalyň näme üçin Warşawada agzyny açdy?” diýip, soňra Kärizowyň garnyna tirsegi bilen urýar we köpçüligiň içine garyşyp, ýitirim bolup gidýär diýilýär.

“Men hiç haçan syýasata gatnaşmadym”

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Geldi Kärizowyň aýaly Ýuliýa Serebrýannik 22-nji sentýabrda Warşawada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Adamçylyk ölçegleri” boýunça ýyllyk ýygnagynyň çäginde çykyş edip, türkmen häkimiýetleriniň öz maşgala agzalaryna eden basyşlary barada çykyş etdi.

“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň soňky maglumatynda Kärizowa haýbatyň 3-nji oktýabrda atylandygy aýdylyp, mundan öň, ýagny ol Moskwa aşandan soň hem onuň yzarlanandygyna üns çekilýär. Şeýle-de, Kärizowyň we onuň maşgalasynyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän adamlar wakadan bir gün soň hem olary yzarlamagy aç-açan dowam etdiripdirler diýlip, agzalan beýanatda bellenilýär.

“Men hiç haçan syýasata gatnaşmadym we meniň hiç hili syýasy maksatlarym ýok. Men diňe öz maşgalam bilen asuda ýaşamak we öz işimi, ýagny ahal-teke atlaryny gorap saklamak ugrunda işlemegi dowam etdirmek isleýärin” diýlip, beýanatda Kärizowyň sözlerinden sitata getirilýär.

Türkmen häkimiýetlerine çagyryş

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” toparynyň müdiri Witaliý Ponamarýowyň bellemegine görä “Bu wakanyň Türkmenistanyň gizlin polisiýasy tarapyndan amala aşyrylandygyna şübhe ýok. Galyberse-de, bu Moskwada ýaşaýan türkmen migrantlaryna garşy soňky on ýylda syýasy sebäplere görä edilen ilkinji ýowuzlykly wakadyr”.

Şeýle-de maglumatda “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy Geldi Kärizowa we onuň maşgalasyna garşy edilen bu hüjümi olaryň halkara konferensiýasyna gatnaşmagyna, ÝHGG-niň wekilleriniň we bu gurama agza ýurtlaryň diplomatlary bilen pikir alyşmagyna garşy edilen repressiýa diýip hasaplaýar.

”Olary diri görkeziň!” kampaniýasy ÝHGG-niň syýasy organlaryna we oňa agza ýurtlara Kärizowlaryň maşgalasyna garşy edilen bu haýbaty ýazgaryp, türkmen hökümetine bu ugurdan degerli we anyk manydaky resmi haty ugratmaga çagyrýar.

Hususan-da, gürrüňi edilýän kampaniýa Türkmenistanyň hökümetini Kärizowlaryň maşgalasyna garşy psihiki we fiziki terrory amala aşyrmagy bes etmäge çagyrýar.