Rus şahyry Osip Mandelştamyň (1891-1938) Iosip Stalin baradaky "Kreml daglysy" goşgusyny ýazanyna gelýän aýda 82 ýyl dolýar. Bu goşgy şahyryň iki gezek sürgün edilmegine, ahyrynda bolsa türmede ölmegine sebäp bolýar.
Mandelştamyň dosty, soň Nobel baýragyna mynasyp bolan we ol baýragy almakdan boýun gaçyrmaga mejbur edilen Boris Pasternak 1933-nji ýylyň noýabrynda, Osip Mandelştamyň "Kreml daglysy" goşgusyny diňläp, şeýle diýýär:
"Men bu goşgyny eşitmedim, senem okap bermediň, sebäbi, özüň bilýäň, häzir örän geň zatlar bolýar: olar adamlary ýygnap başladylar. Men gorkýan, tamda gulak bar diýipdirler, hatda şu bulwardaky oturgyçlar hem gep diňläp, gep aýdar diýseler geň galmaly däl. Gel, şeýle gepleşeli, men senden hiç zat eşitmedim."
Mandelştam bu goşgusyny bary-ýogy birnäçe dostuna, şol sanda Boris Pasternaga, Anna Ahamtowa okap beripdir. Ýöne bu goşgy diňe onuň özüniň däl, eýsem Anna Ahmatowanyň ogly Lew Gumilýewiň we adamsy Nikolaý Paniniň hem tussag edilmegine sebäp bolupdyr.
Stalin "Öç sowukganlylyk bilen alnanda gowy bolýar" diýer eken. Mandelştam ilki Sibiriň Çerdyn diýen ýerine sürgün edilýär, emma soň bu jeza biraz ýumşadylyp, ol Woronežde bir welaýat şäherçesinde ýaşamaly edilýär. Oňa paýtagtda we uly şäherlerde ýaşamak bolmaýardy. Ýöne ol 1937-nji ýylda ýene tussag edilýär we Wladiwastokdaky zähmet-düzediş lagerine iberilýär .
Osip Mandelştam 1938-nji ýylda türmede aradan çykýar. Şahyryň anyk ýogalan senesi we onuň özbaşyna mazarynyň bolup-bolmany belli däl.
Osip Mandelştamyň "Kreml daglysy" goşgusy soň "Stalin epigrammasy" diýen at bilen iňlis diline ençeme şahyr-terjimeçi tarapyndan terjime edildi. Şeýle-de, bu at bilen Osip Mandelştamyň ömrüne bagyşlanan roman döredildi. Biz şu günki gün hem aktuallygyny ýitirmedik goşgynyň rusçadan terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildik.
Kreml daglysy
Biz ýurdumyz bilmän, duýman ýaşaýas,
On ädimden eşdilenok sesimiz,
Äwip-säwip gürrüň gozgalsa neden,
Kreml daglysy çykýar içinden.
Semiz barmaklary gurçuk mysaly,
Sözleri put ýaly agyr hem açyk,
Burnunyň astynda gülýär saçakçy,
Ädigi göz gapýar şöhlesin saçyp.
A daşynda lepbeýguly serdarlar,
Göýdükleri oýnap, edýär edenni.
Kim sygyrýar, kim mawlaýar, sojaýar,
Diňe ol akylly hemem edenli.
Nal kakan deý, permanlaryn gasykdan,
gözden-gaşdan kakýar, aňlamak çetin.
Bular oňa jeza däl-de, malina,
Çünki ol bir gapak döşli osetin.
Noýabr, 1933.