Berşinski: Aşgabat ýene köp iş etmeli

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, Adam hukuklary we zähmet boýunça býurosynda döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Robert Berşinski

Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, Adam hukuklary we zähmet boýunça býurosynda döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Robert Berşinski bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Başda pozitiw özgerişlikleri belläp geçsek, köp diplomatlaryň belleýşi ýaly 12 ýyldan soň türkmen delegasiýasy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça şu saparky duşuşygyna gatnaşdylar. Siz muňa näderejde ähmiýetli diýip garaýarsyňyz?

Robert Berşinski: Biz, ABŞ muňa örän ähmiýetli ädim hökmünde garaýarys. Biz bu oňyn ädim diýip pikir edýäris. Biz Türkmenistanyň hökümetini halkara borçlaryny we wezipelerini berjaý etmäge ündäpdik. Olaryň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi ýaly möhüm duşuşyga gatnaşmagy uly ädimdir, bu örän begendirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň daşky dünýä bilen hyzmatdaşlygyny alamatlandyrýan bu pozitiw diýlip baha berlen özgerişlik bilen bilelikde, başga bir tarapdan, bu resmi topar metbugat, söz azatlygy doly garaşsyz bolmadyk ýurda wekilçilik edýär. Aýdyşymyz ýaly, biziň Türkmenistandaky dokuz habarçymyzdan altysy ýaňy-ýakynda, soňky üç aýda işden çekildiler. Siz şeýle gapma-garşylygy nädip düşündirip bilersiňiz?

Robert Berşinski: Geliň, açyk bolalyň, Adam ölçegleriniň berjaý edilişi ýaly halkara duşuşyklara gatnaşmaklyk oňyn ädim, emma bu ilkinji bir ädimdir. Bu Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny görkezmeýär we hökümetiň söz azatlygy boýunça borçlaryny öz içine almaýar. Şeýlelikde ABŞ-nyň beýleki hökümetler babatynda edişi ýaly, biz türkmen hökümetini hem metbugat azatlygyna hormat goýmaga yzygiderli ündeýäris. Bu islendik metbugat guramasyna degişli.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýa-da toparyňyzyň islendik agzasynyň bu meseläni türkmen delegasiýasy bilen maslahat etmegiňize mümkinçilik boldumy?

Robert Berşinski: Men bu duşuşykda bolmadym, men şol wagt başga bir duşuşykdadym, emma delegasiýanyň ýolbaşçysy Dewid Krameriň Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşmaga mümkinçiligi boldy we beýleki ençeme meseläniň arasynda metbugat azatlygy meselesi hem gozgaldy. Men şol duşuşykda bolmasam-da, biziň şonda öňe süren perspektiwalarymyza görä, jemgyýetiň berk we durnukly bolmagy üçin onuň gowy informirlenen bolmagy gerek, azat metbugatyň wezipesiniň ähmiýeti hem şundan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Biziň ýene bir kärdeşimiz şu günki gün türmede saklanylýar. Onuň ady Saparmämmet Nepesgulyýew. Onuň maşgalasynyň bize Türkmenistandan aýtmagyna görä, ol ýakynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Türkmen delegasiýasynyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça maslahatda eden çykyşynda Nepesgulyýewiň hatda biziň habarçymyzdygyny hem ret edendigini gördük. Bu ýurduň žurnalistleri goramak we tussag etmezlik boýunça borçlary bar. Siziň muňa reaksiýaňyz nähili?

Robert Berşinski: Meniň reaksiýam şeýle: ABŞ Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurduň halkara borçlary we wezipeleri barada örän açyk-aýdyň gepleşýär. Bu ýurtlaryň halkara guramalarynyň we institutlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalary bilen baglydyr.

Azatlyk Radiosy: Sişenbe güni bolan duşuşykda aktiwistleriň topary Türkmenistanda ykbaly nämälim bolup galýan syýasy tussaglar boýunça kampaniýa geçirdiler. Olar türkmen häkimiýetlerinden türmelerde ýitirim bolan tussaglaryň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy talap etdiler. Emma görşümiz ýaly, türkmen häkimiýetleri bu çagyryşlara üns bermeýärler. Türkmenistany şular ýaly meselede jogap bermäge mejbur edip biljek halkara guraly barmy?

Robert Berşinski: Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan halkara tankytlarynyň ençemesiniň ýumruk ýassygy edilýär. Ýitirim bolanlar bilen bagly mesele biziň türkmen kärdeşlerimiz bilen duşuşyklarymyzyň gün tertibinde öňde durýan mesele. Biz türkmen delegasiýasynyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça maslahata gatnaşmagyna hyzmatdaşlyk üçin ilkinji gowy ädim hökmünde seredýäris, emma bu ugurdan entek ýene has köp işler edilmeli.