SRP: Nepesgulyýewyň ykbaly aýan edilmeli

“Serhetsiz raportýorlar” guramasy

Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz raportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

“Nepesgulyýew häzir nirede? Oňa üç ýyl türme tussaglygy berildimi ýa-da ýok? Onuň aklawçysy barmy? Bu soraglaryň hiç birine jogap ýok” diýip 8-nji sentýabrda çap bolan beýanatda nygtalýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän gurama Saparmämmet Nepesgulyýewiň 7-nji iýulda Türkmenbaşy şäherinde tussag edileninden bäri, häkimiýetler tarapyndan ol barada ne maşgala agzalaryna ne-de kärdeşlerine hiç hili maglumatyň berilmeýändigine ünsi çekýär.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir bu ýagdaýlaryň “alada döredýändigini” aýdýar.

“Häkimiýetleriň Saparmämmet Nepesgulyýew barada hiç hili maglumat bermezligi bizi diýseň aladalandyrýar. Bu dymyşlyk eýýäm iki aý töweregi wagt bäri dowam edip gelýär. Maşgala agzalaryny we kärdeşlerini nämälimlikde saklap, ol barada hiç hili maglumat bermezlik bu düýbünden bikanun bir hereketdir” diýip, Ýohan Bir nygtady.

Ýohan Bir Nepesgulyýew barada tizden-tiz maglumatyň berilmelidigini aýtdy: “Biz türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, Nepesgulyýewiň häzirki ýagdaýy barada doly maglumat bermäge çagyrýarys. Şeýle-de biz onuň gyssagly boşadylmagyna çagyryş edýäris. Hökümetiň bir habarçyny şeýdip ýitirip edim bilmegi juda gynandyrýar”.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasy Türkmenistanda azat metbugat diýen zadyň düýbünden ýokdugyny nygtap, özüniň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanyň soňky orunlarda ýerleşdirilýändigine hem ünsi çekýär.

Guramanyň “Metbugat azatlygy indeksi” hasabatynyň soňky sanynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilipdi.