Siriýaly bosgunlaryň tas hemmesiniň diýen ýaly, baý arap Aýlag döwletlerinden pena gözlemän, Günbatara tarap gaçýandygy görnüp duran zat.
Tutuş dünýäde sosial mediany ulanýanlar hem häzir şunuň sebäbini soraýarlar.
Mysal üçin, Twitterde arap dilindäki #Siriýaly_bosgunlary_penalamak_Aýlagyň_borjy diýen haştag eýýäm köpsanly araplaryň öz gahar-gazabyny bildirýän forumyna öwrüldi. Olary gaharlandyrýan Germaniýa ýaly ýewropa döwletleri müňlerçe bosguna pena berip ýörkä Aýlag döwletleriniň olaryň hiç birini diýen ýaly almanlygy.
Golaýda çap edilen bir maglumatda deňizde gark bolan bir adamyň suraty bar. Berlen teswirde şeýle diýilýär: "Biz olara Günbatardan has ýakyn hasaplanýarkak, olaryň ölümden gaçyp, Hudaýyň Ýer şarynda serkezdanlyk çekmegi, deňizlerde gark bolmagy utançly zat".
“Iň gaty ses sizsiňiz”
Arap dilindäki #Adamlar_bosgunlaryň_kabul edilmegini_talap edýär diýen ýene bir haştag hem bosgunlaryň Aýlag döwletlerinde gyzgyn garşylanmagy barada bir kampaniýa geçirilmegine çagyrdy.
Onda "Bu kampaniýa bilen baglanyşykly özara hereketler gowy netije berer. Öz talaplaryňyzy, tweetleriňizi ýazmakdan çekinmäň, iň gaty ses sizsiňiz" diýilýär.
Ýewropada hem Internet ulanyjylar Aýlag döwletleri babatynda seslendiler. Mysal üçin, Daniýada ýaşaýan siriýalylaryň Facebook topary ýaňy "Olaryň kapyr diýip atlandyrýan ýurtlaryndan biz üçin has köpräk jogapkärçilik çekmeli öz musulman doganlarymyzyň regionyndan nähili bolup gaçdyk? " diýen soragy orta atdy.
Arap Aýlag döwletleri
4 million töweregi siriýaly ýurtdaky konflikt hem horlukdan gaçyp, Türkiýä, Iordaniýa we Liwana sygyndylar. Olar bu ýerlerde hyryn-dykyn lagerlerde ýaşaýarlar.
4 ýyl bäri dowam edýän siriýa urşy gutararly görünmänsoň, adamlar, aýratyn-da şu ýyl müňlap Ýewropa tarap ýola düşdüler. Olary bu kontinente çekýän başpena soramak ýa bosgun statusyny almak mümkinçiligi, kabul edilseler, işe ýerleşip, öz durmuşyny gaýtadan dikeltmek umydy.
Sosial mediada aýdylyşy ýaly, eger-de baý arap Aýlag döwletleri bosgunlary Ýewropa ýaly gyzgyn garşylamasalar, ýagdaý üýtgärli görnenok. Sebäp mesele arap Aýlag döwletleriniň diňe siriýalylara däl, eýse hiç bir adama bosgun statusyny bermeýänliginde.
Halkara konwensiýalary
"Aýlagdan, aýratyn-da Katardan pena tapan käbir siriýalylar bar. Ýöne olaryň hemmesi wagtlaýyn wiza bilen saklanar. Aýlag döwletleri Günbataryň we dünýäniň aglaba döwletleriniň gol çeken bosgun hukuklary baradaky halkara konwensiýalara gol çekenoklar" diýip, merkezi Londonda ýerleşýän "Chatham House" guramasynyň Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasynyň başlygynyň orunbasary Jeýn Kinninmont aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, Aýlag döwletleriniň bu tutumyna sebäp bolýan bu ýurtlarda köp sanly migrant işçiniň bardygy. Bu işçileriň arasynda Pakistan ýaly ýurtlardan syýasy bulagaýlyk we zulum-sütem sebäpli gelenler-de bar.
"Olar syýasy gaçybatalgany ykrar etseler, köpsanly wagtlaýyn gelen işçiniň bu ýerde ymykly galmagyna ýol açylar, bu hem öz gezeginde bütinleý çylyşyrymly meselelere getirer diýip howatyr edýärler" diýip Kinninmont belleýär.
Işçi güýji
Saud Arabystany bilen Omandan başga Aýlag döwletleriniň ählisinde migrant işçileriň sany ýerli ilatdan köp.
Omanda 88.5 prosent, Birleşen Arap Emirliklerinde 99.5 prosent bolşy ýaly, Aýlag döwletleriniň hemmesinde işçi güýjüniň köpçüligini düzýän çet ýurtlular.
Ýöne bu döwletler özleriniň syýasy başpena baradaky tutumyny üýtgetmeseler-de, olar beýleki ýurtlardaky siriýalylaryň kyn ýagdaýyny görmezlige salýarlar diýmek adalatlylyk däl.
Kinnimontyň bellemegine görä, Kuweýt siriýaly bosgunlary goldaýan iň uly arap döwleti. Ol halkara derejesinde Birleşen Ştatlardan, Beýik Britaniýadan we Germaniýadan soňra dördünji orunda durýar. Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleri hem dünýa derejesinde birinji onlugyň arasyna girýärler.