Ýagtylykdan garaňkylyga ‘kowýarlar’

Resmiler çyralaryň “ölçeýji abzallara birikdirilmän çekilendigini” aýdýarlar.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda häkimiýetler dükan eýeleri tarapyndan ornaşdyrylan ýagtylandyryş çyralaryny söküp başladylar. Bu barada sakarçägeliler sosial ulgamlarynyň üsti bilen Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Geçen hepdäniň başyndan bäri ýerli elektrik edaranyň wekilleri – öňünden hiç hili duýduryş bermezden – ilatyň özi tarapyndan dikilen ýagtylandyryş ulgamlarynyň simlerini kesmek kampaniýasyny alyp barýarlar.

Resmiler eýýäm ençeme ýyldan bäri duran ýagtylandyryş çyralarynyň edil häzirki pursat aýrylmagyny olaryň “ölçeýji abzallara birikdirilmän çekilendigi” bilen düşündirýärler. Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, bu kampaniýanyň başlamagynyň edil öňüsyrasy, ýagny 22-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti çykyş edip, ýurtda “elektrik togunyň bikanun ulanylmagy” we “elektrik togunyň gözegçiliginiň gowşadylmagy” ýaly meselelere öz nägileligini bildiripdi.

Sakarçäge etrabynyň ýerli häkimiýetleri elektrik ölçeýji – ilat arasynda “sçýotçik” diýlip atlandyrylýan – abzallara birikidirilmän çekilen ýagtylandyryş ulgamlarynyň “bikanundygyny” aýdyp, bu çäreleriň kanuny netijeleriniň hem boljakdygyny duýdurýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli ilatyň gijeleriň gözdürtme garaňkylygyna garşy diken çyralarynyň deregine başga nähilidir bir ýagtylandyryş ulgamlary ornaşdyrylmaýar.

Sakarçägäniň etrap bazarynyň golaýyndaky bir dükanyň eýesi Ata özüniň diken çyrasynyň aýrylmagy bilen gijelerine tutuş bir köçäniň tümlüge bürenýändigini aýdýar.

“Biz hem muny keýpine dakamzok. Näçe ýyldan bäri köçelerimiz garaňkyrap dur. Aýyrmany bilen, goýmany hem bilsin. Ýedi ýada mugt tok berenden, öz ilatyny üpjün etsinler” diýip, Ata sosial ulgamlar arkaly Azalyk Radiosyna öz nägileligini bildirdi.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň berýän maglumatyna görä, ilatyň diken ýagtylandyryş çyralary Marynyň Wekilbazar etrabynda hem giň gerimde aýrylyp başlanypdyr.

Bu maglumatlar boýunça Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge we Wekilbazar etaplarynyň degişli resmilerinden nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary şowsuz boldy.