Putiniň zamunlary

1) Eston Kohwer 2) Oleg Sentsow 3) Nadia Sawçenko

Biri polisiýa ofiseri, biri režissýor ýene biri pilot

Üç adam öz ýurtlaryndan bikanun ogurlandy we daşary ýurtda hilegärlik bilen adalatsyz tussaglykda saklanýar. Olaryň durmuşyna zeper ýetirildi we geljegi nämälim görünýär.

Wladimir Putiniň zamunlary bilen tanşyň: iki erkek adam we bir aýal maşgala Kremliň lideriniň halkara düzgünlerine, kada-kanunlaryna garşy jyhadynyň pidalarydyr.

Putin soňky ýyllaryň dowamynda ençeme geň galdyryjy we aladalandyryjy zatlary etdi.

Ol Ýewropada Adolf Gitlerden soň başga bir ýurduň territoriýasyny güýç bilen basyp alan ilkinji liderdir. Ol gündogar Ukrainada müňlerçe adam janyny alan, doly galplyga ýugrulan urşy başlady. Ol Orsýeti jynsparaz, çydamsyzlyk we repressiýalar ýoluna iterdi. Ol Günbatar bilen howply gapma-garşylyk oýnuny alyp barýar.

Şeýle-de ol zamun alýan ogra öwrüldi – hut halkara jenaýatçy toparynyň öňbaşçysynyň roluna eýe boldy.

Polisiýa wekili

Moskwa Eston Kohweriň eston içalysydygyny, onuň Orsýetiň territoriýasynda içalyçylyk eden wagtynda tutulandygyny aýdýar. Emma Kohwer içaly däl, ol içalyçylyk etmedi. Onuň ýeke-täk günäsi – ol öz işini gowy ýerine ýetiripdi we amatly nyşan bolupdy. Kohwer Estoniýanyň içerki howpsuzlyk gullugynyň KaPo-nyň işgäri, bu FBI-yň ekwiwalentidir.

Ol Estoniýada Orsýetiň guramaçylykly jenaýatçylary bilen bagly gaçakçylar toparynyň hereketlerini derňän wagtynda ogurlandy. 2014-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Kohwer Orsýetiň serhediniň birnäçe kilometr golaýyndaky eston obasy bolan Miiksäniň golaýyndaky tokaýda öz gizlin habarçysy bilen duşuşyga barýan wagty ogurlandy.

Bu gürpbasdydan başga zat däldi. Duşuşyga barýan wagtynda ol gabawa düşdi, oňa hüjüm edenler şöhleli-sesli granatalary ulanyp, ýarag bilen gorkuzdylar we ony zor bilen Orsýete äkitdiler.

Estoniýanyň we Orsýetiň serhetçileri Kohweriň ogurlanan ýerinde şol günüň özünde barlag geçirdiler. Barlaglaryň netijesinde iki dilde düzülen bilelikdäki protokolda adamlaryň haýsydyr bir toparynyň Orsýetden Estoniýa geçendigi, soňam yzyna dolanandygy aýdyldy. Dokumentde şöhleli-sesli granatalaryň yzlary barada hem bellenildi.

Köp tankyda eýe bolan we göz üçin geçirilen sud prosesinden soň Orsýetiň Pskow regionynyň sudy Kohwery içalyçylyk üçin 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Kinorežissýor

Orsýet Oleg Sentsow – terrorçy diýýär. Bu beýle däl. Sentsowyň ýeke-täk günäsi – onuň batyrlygynda, ol Moskwanyň öz watanyny bikanun basyp almagyna garşy açyk çykyş etmäge taýýar.

Sentsow – zehinli ukrain režissýory, ol 2012-nji ýylda Rotterdam festiwalynda görkezilip, meşhurlyk gazanan “Gamer” atly kartinasy bilen abraý gazandy. Şeýle-de ol iki çagany ýeke terbiýeleýän ata. Krymda doglan Sentsow Ukrainada Ýewropa bilen ýakynlaşmagyň tarapyny tutýan “Ýewromaýdan” gozgalaňynyň hyjuwly tarapdary. Ol Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegine garşy çykyş edip, ýarymadada bazalarda gabawda galan ukrain harbylaryna azyk eltmäge ýardam beripdi.

Sentsow Orsýetiň ýörite gulluklarynyň işgärleri tarapyndan 2014-nji ýylyň 11-nji maýynda Simferopolyň köçesinde Krymyň Orsýet tarapyndan basylyp alynmagyna garşy demonstrasiýa gatnaşansoň tutuldy.

Birnäçe gün geçensoň Sentsowyň Moskwada tussag astyndadygy anyklandy. Oňa “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň edaralaryny otlamakda we “Krymyň rus obşinasy” atly guramany döretmekde günä ýöňkeldi. Şeýle-de ony Simferopolda Leniniň ýadygärliginiň partladylmagyny taýýarlamakda günäleýärler.

Prokurorlar Sentsowa garşy aýyplamalary subut etmek üçin ujypsyz delilleri öňe sürdüler. Aýyplama tarapynyň esasy şaýady Gennadiý Afanasýew sudda kinorežissýora garşy öz görkezmelerinden ýüz öwrüp, olary öň basyş astynda berendigini mälim etdi.

Sentsowyň garşysyna Don boýundaky Rostow şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde prokurorlar onuň 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar. “Sizden hiç zat haýyş etmerin” diýip, baş egmedik Sentsow özüniň soňky sözünde – “Okkupantlaryň sudy aslynda adalatly bolup bilmeýär. Siziň alyhezretiňiz, bu ýerde meniň özümden goşup biljek hiç bir zadym ýok” diýdi.

Pilot

Putiniň üç halkara zamunyndan Nadežda Sawçenko - iň meşhury.

Moskwa Sawçenko – adam öldüriji diýýär. Bu beýle däl. Onuň ýeke-täk günäsi – ol öz ýurdunyň garaşsyzlygy üçin janyny töwekgelçilie saldy. Ukrainada ilkinji zenan harby-pilot Sawçenko Donbasda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy söweşmäge meýletin gitdi.

Ol ukrain esgerlerini halas etmek boýunça operasiýa gatnaşan wagtynda 2014-nji ýylyň iýun aýynyň ortasynda Lugansk welaýatynda Metallist atly ilatly punktuň golaýynda separatistleriň eline düşdi. Bir hepdeden separatistler onuň gollary gandally, turba daňlyp sorag edilýändigini görkezýän wideony çap etdiler.

Soňra Sawçenkonyň Orsýetde tussag astyndadygy anyklandy. Ol minomýotdan ok atyşygynda wepat bolan iki orsýet žurnalistiniň ölüminde we orsýet serhedini bikanun kesip geçmekde aýyplandy. Sawçenkonyň aklawçylary onuň telefon gepleşikleriniň we wideo subutnamalaryň – agzalýan žurnalistleriň ölen wagty Sawçenkonyň eýýäm ýesirlikdedigini görkezýändigini aýdýarlar. Sawçenko 25 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

Nyşanlar

Putin tarapyndan ýesir alnanlykdan daşgary Kohweryň, Sentsowyň we Sawçenkonyň arasynda başga-da umumylyk bar.

Olaryň ählisi Sowet Soýuzynda doguldy we garaşsyzlyga eýe bolan öz ýurtlarynyň loýal, üstünlikli we peýdaly raýatlary boldy. Bu SSSR-iň dargamagyny tragediýa diýip hasaplaýan Putine olary öz nyşanasyna öwürmek üçin ýeterlik.

Emma başgalar üçin olar – dünýä arenasynda gitdigiçe has beter gyrakladylýan döwlet tarapyndan ogurlanan zamunlardyr.

Braýan Uitmor – amerikan žurnalisti, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň synçysy.