ABŞ Azatlygyň habarçylaryna alada bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň emblemasy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Biswal soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna edilýän basyşlar barada alada bildirdi.

Döwlet Sekretarynyň kömekçisi hanym Biswal Azatlyk Radiosynyň soragyna beren jogabynda şeýle diýýär: “Biz türkmen hökümetine bu baradaky aladalarymyzy bildirdik. Biziň Türkmenistandaky ilçimiziň hut özi bu mesele bilen gyzyklanýar we islendik mümkinçilikde bu ýagdaýy degişli resmileriň dykgatyna ýetirýär”.

Nişa Biswal

Ol aýratynam garaşsyz žurnalistleriň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada hem durup geçdi: “Güýçli we durnukly graždan jemgyýetiniň döremegi üçin garaşsyz media gaýragoýulmasyz elementleriň biridir, bu meselede biz diňe Merkezi Aziýa däl, dünýäniň beýleki ýerlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen hem iş alyp barýarys we olary metbugat azatlygyny goramaga we žurnalistleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýarys”.

Basyşlar ýitileşýär

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürlerde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna edilýän basyşlar barha ýitileşýär, edil häzirki gün Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary fotožurnalistlerinden biri Saparmämmet Nepesgulyýew soňky bir aýdan bäri ýitirim boldy.

Žurnalistiň maşgala agzalaryna salgylanylyp çap edilen maglumatlara görä, resmiler Saparmämmediň Balkan welaýatynda ýerleşýän Akdaşdaky türmede saklanýandygyny habar berýärler. Emma onuň ykbaly hakda hiç hili resmi maglumat ýok, Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat almak synanyşyklaryna-da degişli resmiler tarapyndan hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmenistan barada habarlar çap edýän “Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri” sahypasynyň ýazmagyna görä, Nepesgulyýew düzüminde neşe maddasy bolan derman bilen tussag edilipdir. Maşgala agzalary bu aýyplamany ret edýärler. Şeýle-de ençeme halkara guramalary hem bu aýyplamalary ret edip, beýanatlar bilen çykyş etdiler.

Çagyryşlar

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy, adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy, Žurnalistleri goraýan komitet, Crude Accountability we Amnesty International, ýagny Halka günä geçiş ýaly guramalar hem Saparmämmediň toslama aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, türkmen häkimiýetlerini, žurnalisti derhal boşatmaga çagyrdylar.

Döwlet sekretarynyň kömekçisi hanym Biswal şu gün telefon arkaly merkezi aziýaly žurnalistlar bilen geçiren metbugat ýygnagynda, aýratynam žurnalistlere we graždan jemgyýetçiligine edilýän basyşlaryň barha artýandygyna alada bildirip, bu hili hereketiň metbugat azatlygyny barha çäklendirýändigini aýdyp, metbugat azatlygy ýaly ýagdaýlaryň ABŞ-nyň iň gadyr goýýan gymmatlyklaryndan biridigine ünsi çekdi.

“Bu gymmatlyklarymyz ABŞ-nyň Türkmenistan, Merkezi Aziýa we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýerleşýän ýurtlar bilen diplomatik aragatnaşygynda esasy orun tutýar” diýip, Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi hanym Nişa Biswal aýtdy.

ABŞ bilen bir hatarda 12-nji awgustda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça ýörite edarasy hem beýanat ýaýradyp, žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewi derhal boşatmaga çagyrdy.