Bakuwyň sudy Hatyja Ismailowanyň aklawçylarynyň diňlenişige gatnaşmandygyna we onuň sud işini gyssanmaç geçirmezlik baradaky çagyryşyna ähmiýet bermän, 11-nji awgustda bu derňeýji žurnalist baradaky prosesi dowam etdirdi.
Azatlyk Radiosynyň žurnalisti nebite baý Azerbaýjanda hökümet resmileri tarapyndan edilýän korrupsiýanyň üstüni açanlygy üçin ençeme sylaga mynasyp bolan Ismailowa pul iýenlikde, salgyt tölemekde aldawa ýüz uranlykda, şeýle hem güýç-gudratdan galp peýdalananlykda aýyplanyp sud edilýär. Ýöne onuň aýtmagyna görä, bildirilýän bu aýyplamalaryň syýasy sebäbi bar.
Ismailowanyň aklawçylarynyň käbiriniň 11-nji awgustdaky diňlenişige gatnaşmanlygy kazynyň olar "çäre görler" diýip, duýduryş bermegine sebäp boldy.
“Sud höküm çykarmaga gyssanýar”
Ismailowa bolsa, aklawçylar bu diňlenişige özleriniň şol bir wagtda geçýän beýleki proseslere barmalydyklary sebäpli gatnaşyp bilmejekdiklerini kaza öňünden aýtdylar diýip, protest bildirdi.
Ol şeýle hem suduň höküm çykarmaga gyssanýandygyny çaklap, hepdäniň içinde her gün geçirilýän diňlenişik netijesinde özüniň daşarda iki sagat maşk etmäge mümkinçiliginiň bolmandygyny, ýogsa muňa özüniň kanuny taýdan hakynyň bardygyny aýtdy.
Prezident Ylham Aliýew bilen onuň maşgala agzalarynyň maliýe işleri barada giňden maglumat beren Ismailowa öten dekabrda tussag edildi. Onuň sud prosesi iýul aýynda bolan deslapky diňlenişikden soň 7-nji awgustda başlandy.
Sud zaly
Suduň zaly her gün diýen ýaly märekeli bolýar. Şol sebäpden Ismailowa kaza zalyň bu prosese ýa-da öz işine hiç hili dahyly ýok adamlardan doludygyny aýtdy.
Kazy Ramela Allahwerdiýewa hem bu adamlar sud işine gatnaşýanlar ýa-da diplomatik missiýalaryň wekilleri diýip jogap berdi. Ol garaşsyz žurnalistlere we Ismailowanyň tarapdarlaryna, şol sanda oppozisiýanyň prezidentlige öňki dalaşgäri Jamil Hasanla hem zala girmäge ýol bermedi.
"Hatyja bigünä, ol derrew boşadylmaly" diýip, Hasanly daşarda Ismailowanyny goldaýanlara aýtdy.
“Bir tanyş adam hem ýok”
Ismailowanyň ejesi Elmira Ismailowa 11-nji awgustda diňlenişige gatnaşmaga ýol berildi. Ol bir arakesmede daşary çykanda, suduň zalynda bir tanyş adamynyň-da gözüne ilmändigini aýtdy.
Diňlenişige gatnaşan Elmira Ismailowa bilen aklawçylaryň biri bolan Jawad Jawadowyň bellemegine görä, görkezme beren şaýatlaryň hiç biri bildirilýän aýyplamalarda Ismailowany garalamandyr.
Ismailowa ilki öňki kärdeşi Tural Mustafaýewi öz janyna kast etmäge synanyşmaga iterenlikde aýyplanypdy. Beýleki aýyplamalar onuň üstüne soňra goşuldy.
Iýul aýynda bolan deslapky diňlenişikde Mustafaýew kanuny goraýan güýçler tarapyndan özüne edilen basyş netijesinde Ismailowany "garalandygyny" aýtdy. Ýöne bu aýyplamany sanawdan çykarmak barada edilen goranyş hereketleri ret edildi.
Adam hukuklaryny goraýan guramalar
39 ýaşly Hatyja Ismailowa Azerbaýjanda tussag edilen onlarça aktiwistiň, žurnalistleriň we hökümete tankydy garaýanlaryň iň tanymaly. Halkara hukuk toparlarynyň garaýşyça, bu adamlaryň tussag edilmegi öňki sowet respublikasynda başgaça pikirlenýänleri dymdyrmak üçin edilýän synanyşyklaryň biri.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen beýleki günbatar döwletleri Ismailowanyň boşadylmagyna çagyrdylar. Günä geçiş guramasy Amnesty International ony "wyždan ýesiri" diýip atlandyrdy. Žurnalistleri goramak komiteti bolsa, oňa bildirilýän aýyplamalary žurnalistik işleri üçin ondan öç almak diýip häsiýetlendirdi.
10-njy awgustda Human Rights Watch guramasy Adatdan daşary işjeňlik sylagy bolan Alison Des Forges baýragyny 2015-nji ýylda alanyň Ismailowadygyny jar etdi.
29-njy iýulda Birleşen Ştatlaryň Milli Metbugat Kluby Ismailowany metbugat erkinligi baradaky iň ýokary Jon Abuçen baýragy bilen sylaglady.
Maý aýynda hem ol amerikan PEN merkeziniň metbugat erkinligi baradaky iň abraýly sylagyna mynasyp boldy.