Hepdäniň başynda paýtagtyň etegindäki Gökdere diýen ýerdäki Altyýap çeşmesini we onuň gyralaryny arassalamak işleri başlandy. Çeşmäniň Hurmant Gökjeden tä Ýokarky Gökderäniň gutarýan ýerine çenli böleginde kommunal gullugyň işgärleri, käbir ýerlerde bolsa esgerler hem arassaçylyk işlerini alyp barýarlar.
Olar çeşmäni plastik gaplardan, paketlerden we beýleki zir-zibillerden arassalaýarlar. Bu hili iş üçin çeşmäniň käbir ýerlerinde ekskowatorlar hem ulanylýar. Bu arassaçylyk işlerinde onlarça traktorlar, ýük we zir-zibil daşaýan awtoulaglardyr, kranlar ýaly ýörite tehnika hem ulanylýar.
Bu ýerde işleýän işgärleriň sany-da çen bilen birki ýüzden geçýär diýse bolar. Olar bu ýerde günortanlyklaryny edinip, giç agşama çenli işleýärler.
Çeşmäniň ugry boýunça gidýän ýoluň ugrunda polisiýanyň patrul awtoulaglary gözegçilik edýärler we polisler bu ýerlerde duş gelýän “nätanyş” adamlardan olaryň bu taýda näme işleýändiklerini sorap, bu ýerde olaryň dynç almaly däldiklerini duýdurýarlar. Bu ýere peýwagtyna gelen adamlar bilen kommunal gullugynyň işgärleri hem “gyzyklanýarlar”.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şol bir wagtda hem bu ýere dynç almaga barýanlar eýýäm Gökderäniň Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň başlanýan ýerindäki polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň postundan yza gaýtarylýar. Bu postuň polisiýa işgärleri bu ýerden geçýän awtoulaglary saklap, olaryň nirä barýandyklaryny anyklaýarlar.
Awtoulagly ýolagçylar Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine barýan bolsalar, olara “diňe lagere baryp, başga ýere sowulmaly däldigini” ýörite duýdurýarlar.
Bu ýerlere dynç almaga giden käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, olar polisiýanyň ýol gözegçilik postunda maksatlaryny aýan edenlerinde, olara bu ýerde dynç almaly däl diýip, yzlaryna dolapdyrlar.
Emma polisiýa işgärleri bu gadagançylygyň haçan ýatyryljakdygy barada anyk hiç bir zat aýdyp bilmändirler. “Entek belli däl. Häzir arassaçylyk işleri alnyp barylýar diýip jogap berdiler” diýip, paýtagtly Ýakup gürrüň berýär.
Ýatlap geçsek, Altyýap çeşmesiniň boýunda dynç alýanlar diňe bir dynç günleri däl, eýse adaty günler hem köp bolýar. Bu ýeriniň howasy şäheriň dymyk howasyndan has arassa, agşamara bolsa has salkyn bolýar. Çeşmäniň boýunda ösüp oturan agaçlaryň aşagy bolsa tomsuň yssy günortanlary hem salkyn bolýar. Şol sebäpdenem agşamara bu ýerler has köp adamly bolýar.
Onsoň, howanyň gyzgynlygynyň 40-dan geçýän bu günleri, Altyýap çeşmesiniň boýundaky arassaçylyk işleriniň başlanmagy sebäpli ýüzlerçe adamlar dynç almak mümkinçiliginden mahrum boldular.
Gepiň gerdişine görä aýtsak, Altyýabyň boýuny adatdan daşary uly gerimde arassalamak işleri Türkmenistanyň prezidenti hepdäniň duşenbe güni Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi Atamyrat Rejebalyýewe berk käýinç berenden soň başlandy.
Adatdaky ýaly, prezidentiň bu buýrugynda çinownigiň eden “etmişi” barada takyk maglumat berilmese-de, ondan soň Arçabil etrabynyň Gökdere obasynyň Altyýap çeşmesiniň boýunda gürrüňini eden giň gerimli arassaçylyk işlerine girişildi.
Telewideniýäniň ”Watan” informasion programmasynda agzalýan buýruk yglan edilen güni hut şol telewizion programmada Gökderedäki Altyýabyň gözgyny ýagdaýy barada Türkmen telewideniýesinde örän seýrek gabat gelýän tankydy reportaž görkezildi.
Şol reportažda, hususan-da, bu ýerleriň dynç alýanlar tarapyndan hapalanýandygy, çeşmäniň boýunda ösüp oturan baglaryň käbirleriniň gurandygy barada tankydy bellikler aýdyldy.
Emma şol bir wagtda hem häzirki arassaçylyk işleri barada resmi metbugatda hiç hili maglumat berilmeýär. Şol sebäpden bu işleriň haçan tamamlanjakdygy hem-de tamamlanandan soň bu ýere dynç alýanlaryň goýbriljekdigi ýa-da goýberilmejekdigi barada hem anyk maglumat ýok.