Derňew güýji: Hatyja Ysmaýylowa

Hatyja Ysmaýylowa öz aklawçysy Elton Guliýew bilen, Baku

Derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowa hökümeti tankytlamaga seýrek çydalýan we bu hili tankyt üçin köplenç jeza berilýän ýurtda resmi korrupsiýanyň üstüni açmak bilen at-abraý gazandy.

AÝ/AR-nyň Azeri gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalist bu tagallasy üçin gizlinlikde wideoýazga düşürildi, ile göz edildi, oňa haýbatam atdylar. Soň ony tussag edip, dönüklikde aýypladylar. Şu hepde (24-nji iýulda), ýedi aý tussaglykda saklanlaryndan soň, ol sud diňlenişiginde töhmet, salgytdan gaçmak, bikanun biznes işleri, wezipeden bikanun peýdalanmak aýyplamalaryna jogap bermeli.

Ysmaýylowa özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýar, onuň tussag edilmegi Azerbaýjanyň resmi repressiýasy hökmünde giňden tankyt edilýär.

Žurnalistiň eden işi häkimiýetleri we Azerbaýjandaky kuwwatly şahslary mazaly kejikdirdi. Eýsem ol anyk näme etdi we kime degdi?

Ýokary derejeli maglumat beriş

Ysmaýylowa geçen ýyl deslapky tussaghana ýerleşdirilmezinden öň ýazan makalalarynda Azerbaýjanyň dolandyryjy gatlagynyň, şol sanda prezident Ylham Alyýewiň maşgalasynyň içindäki görnetin garyndaşparazlyk meselesine üns berýärdi.

AÝ/AR-nyň Azeri gullugynyň, Azadlyk radiosynyň gepleşikleri ýurt içinde giňden diňlenilýär, emma häkimiýetler tarapyndan eşitmezlige salynýar, olar bu gepleşiklerde getirilýän jikme-jik maglumatlar barada düşündiriş bermekden boýun gaçyrýarlar.

Döwlet hususylaşdyrmasy

Ysmaýylowa 2010-njy ýylyň awgustynda hökümetiň döwlet eýeçiligindäki AZAL howaýollarynyň hyzmat şahamçalarynyň köpüsini hususylaşdyrandygynyň, emma bu hususylaşdyrmanyň Döwlet emlägini hususylaşdyrmak baradaky komitetden sowa edilendiginiň, ýagny aýanlyk şertlerindäki bäsleşige ýol berilmändiginiň üstüni açdy. Maliýe howpsuzlygy baradaky döwlet komitetiniň ele geçiren dokumentlerini ulanmak bilen, ol egindeşi Ulwiýe Asadzade bilen bankyň täze eýeleriniň arasynda ýokary derejeli resmileriň iki garyndaşynyň bardygyny anyklady. Olaryň biri AZAL-yň prezidentiniň aýaly Zarifa Hamzayýeva; beýlekisi Arzu Aliyýeva, ýurduň prezidenti Ylham Alyýewiň gyzy.

Gurluşyk korrupsiýasy

2012-nji ýylda, AÝ/AR bilen Guramaçylykly jenaýat we Korrupsiýa maglumatlary proektiniň (OCCRP) bilelikde taýýarlan hasabatynda Ysmaýylowa ýurduň birinji maşgalasynyň täze «Kristal Zal» konsert zalynyň gurluşygyndan $134 million peýda görýändiginiň üstüni açdy. Bu desga şol ýyl Ýewrowižion aýdym konsenrtiniň geçirilmegi üçin gurulýardy.

Alyýew maşgalasynyň bu gurluşyga gatnaşygy «Azenco» gurluşyk kompaniýasynyň eýeçiligi bilen örtülendi, ýagny Germaniýanyň «Alpine Bau Deutschland AG.» kompaniýasy resmi dokumentlerde konsert zalyny gurýan ýeke-täk döwlet potratçysy hökmünde bu görkezilýärdi.

Bir topar ýasama kompaniýanyň arasyndan «Azenco» kompaniýasynyň yzyny çalmak bilen, derňew ahyry onuň eýeleriniň köpüsiniň Alyýewiň aýalynyň we gyzlarynyň öý adresi boýunça hasaba alnan firma degişlidiginiň üstüni açdy. «Azenco» döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän proektleri ýerine ýetirmek üçin yzygiderli kontrakt alýardy. Döwletiň degişli agentliginiň ýazgylary bu kompaniýanyň diňe 2010-njy ýylda 79 million dollarlyk şertnama alandygyny görkezýär.

Altyn, Telecomlar

Ysmaýlowanyň paş ediji işleriniň ýene biri Azerbaýjanyň hökümetiniň 2012-nji ýylda prezident Alyýewiň maşgalasyna girdejili altyn käniniň hukuklaryny bermegi bilen bagly. 2014-nji ýyldaky bir makalasynda bolsa ol Alyýewiň iki gyzynyň Azerbaýjanyň iň uly mobil telefon biznesi, Azercell bilen baglanyşykly bolmagyna ünsi çekdi.

Özgerişlik pursaty

Ysmaýylowanyň makalalary Azerbaýjanda bu ugurdan edilen ilkinji işleriň hatarynda durýardy. Guramaçylykly jenaýatlar we korrupsiýa barada maglumat berýän proektiň - OCCRP - redaktory Drew Sullivan bu ýagdaýyň olara aýratyn ähmiýet berendigini aýtdy.

"Ol hökümetiň hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny aýdan işlerinde Alyýew maşgalasynyň adyny görkezen ilkinji adam boldy» diýip, ol aýdýar.

"Ol hakykatda ilkinji subutnama bilen gelen adam boldy, ilkinji delil bolsa örän möhüm bolýar, sebäbi ol illýuziýany döwýär» diýip, Sullivan düşündirýär. "Hökümet propagandasy adamlary bu zatlary unutmaga itekleýär, emma sende delil bolsa, eger dokumentler bar bolsa, sen ony mundan beýläk ýaşyryp bilmeýärsiň. Hökümetiň Hatyja meselesinde şeýle reaksiýa bildirmeginiň özi olaryň munuň täsir etjegine ynanýandygyny görkezýär."

Sullivan Ysmaýylowa Alyýewleri derňemegiň howply boljagyny turuwbaşdan bilýärdi, emma ol töwekgelligi öz üstüne aldy diýýär.

Töwekgellik-duşmançylyk

Ysmaýylowa ilki näbelli adamlar, soň häkimiýetler tarapyndan göni edilýän basyşlaryň artmagyna garamazdan, öz derňewçilik işini dowam etdirdi.

2012-nji ýylyň martynda ol öz ýatyş otagynda gizlinlikde goýlan wideokamera bilen düşürilen intim görnüşleriň gapdalyna goşulan anonim hat aldy. Ol hatda, eger «akylyna aýlanmasa», intim durmuşyna degişli wideonyň ile ýetiriljegi aýdylýardy. Ol bu atylýan haýbaty il ortalaýyn ýazgaryp çykyş etdi we ol wideoýazgy näbelli adamlar tarapyndan internetde ýerleşdirildi.

Bir ýyl soňra bolsa internetde täze bir wideo peýda boldy we soňra, 2014-nji ýylyň fewralynda sud wekilleri ony döwlet syrlaryny Birleşen Ştatlara syzdyrmak gümany esasynda soraga çagyrdylar. Haçanda işini dowam etdirende, 2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda bolsa ony öňki kärdeşini janyna kast etmäge iteklemek aýyplamasy bilen tussag etdiler. Bu aýyplama arz edeniň şikaýatyny yzyna almagy bilen aýryldy, emma oňa töhmet, salgytdan gaçmak, bikanun biznes etmek, wezipeden bikanun peýdalanmak aýyplamalary ýüklendi.

Halkara ünsi

Ysmaýylowanyň tussag edilmegi onuň boşadylmagy barada giň ýaýran çagyryşlara alyp geldi. Birleşen Ştatlaryň Galamdaşlar merkezi ony Barbara Goldsmith adyndaky ýazmak azatlygy baýragy bilen sylaglady, «New York Times» we «The Washington Post» gazetleri bolsa onuň tutulmagyny Azerbaýjanda söz azatlygyna garşy görülýän çäre hökmünde mysal getirdi.

Ysmaýylowa dekabr aýynda Azatlyk radiosynyň Azeri gullugyna ýazan gysgaça hatynda şeýle diýdi:

"Siziň hemmämňiz meniň näme üçin türmede saklaýandygymy bilýärsiňiz. Onuň hakyky sebäbi korrupsiýanyň üstüni açmak. Basyjy režimleriň bimamladygyny subut etmegiň ýeke-täk ýoly korrupsiýanyň üstüni açmak, basyş astyndaky adamlaryň hukuklaryny goramak bilen bagly. Hawa, munuň tölemeli muzdy bar, emma bu töläniňe degýär.»

Azerbaýjanyň häkimiýetleri 26-njy dekabrda Azatlyk radiosynyň Bakuwdaky býurosyny hiç bir düşündirişsiz ýapdy. Olar kompaniýanyň dokumentlerini we enjamlaryny bikanun ýagdaýda konfiskasiýa etdiler, býuronyň işgärlerini bolsa kanun goragyny üpjün etmezden tussag etdiler, biraz soň býuronyň kanunçylyk geňeşçisini sud diňlenişiginden çykardylar, käbir işgärleriň syýahat etmegine eden-etdilikli gadaganlyk girizdiler.

Azatlygyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosy maý aýyndan bäri ýapyk, emma ol Pragadaky, Çeh respublikasyndaky býurosyndan Azerbaýjanyň içine gepleşik bermegini dowam etdirýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.