Uýgurlaryň ýatdan çykarmajak orazasy

Hytaýyň günbataryndaky Sinszýan regionynda ýaşaýan musulman halka Pekin oraza parzyny berjaý etmegi gadagan etdi.

Oraza aýynda agyz beklemegiň gadagan edilmegi uýgur halkynyň ozal gören ýa eşiden zady däl. Hytaýyň günbataryndaky Uýgurystana, ýagny indi Sinszýan diýlip atlandyrylýan regionda ýaşaýan bu türki musulman halka Pekin oraza parzyny berjaý etmegi gadagan etdi.

Geçen aý oraza başlananda, hytaý häkimiýetleri uýgurlaryň agyz beklemeginiň öňüni almaga synanyşdylar. Sinszýanyň Jiňňe etrabynyň azyk we derman administrasiýasy "azyk hyzmatlary oraza aýynda hem adatdakysy ýaly öz işlerini dowam etdirer" diýip, bildiriş ýaýratdy. Bu uýgurlaryň eýeçiligindäki restoranlary hem öz içine alýar. Sinszýanyň Böle etrabynda-da döwlet işgärlerine "oraza aýynda agyz beklemek, tarawa gatnamak ýa beýleki dini däpler ýaly işjeňlige goşulmaň" diýildi.

Agyz beklemegiň gadagan edilmegi uýgurlar bilen han hytaýlylaryň (uýgurça: hanzularyň) arasynda gadymdan gelýän konflikde ulanylýan täze taktika. Aslynda bolsa uýgurlar bilen hanzularyň arasyndaky konflikt yslam dini döremezden öň başlanan zat. Ýöne uýgurlaryň garaşsyzlyk ugrundaky hereketiniň milli hereketdigine garamazdan, häzir yslam ekstremizminiň giňden ýaýran döwründe iki milletiň arasyndaky iň uly problemalaryň biri din hasaplanýar.

Uýgurlar, Hytaýyň öňki hökümetleriniň agalygyna garşy çykyşlary ýaly, ýurduň kommunistik partiýasynyň hökümdarlygyna-da garşy durýarlar. 1949-njy ýylda bolan rewolýusiýadan soň Pekindäki täze hökümet köne taktikany ulanyp, hanzulary işlemek hem ýaşamak üçin uýgurlaryň watanyna göçürip başlady. Häzirki wagtda Sinszýandaky (Uýgurystandaky) hanzularyň, ýagny hanhytaýlaryň sany ýerli uýgurlaryň sany bilen tas deň diýen ýaly.

Sinszýana gelýän hanzularyň sanynyň köpelmegi bilen regionda bolýan zorlukly hereketler-de artdy. 1977-nji ýylda Ýiniňde gozgalaň turdy, regionyň merkezi Urumçyda bombalar partlady. Netijede onlarça, belki-de ýüzlerçe adam öldi.

Geçen iki ýyllykda uýgurlar Sinszýanda awtobus we otly duralgalarynda, köçelerde hanzulara hüjüm edip, onlarça adamy öldürdiler. Polisiýa, howpsuzlyk we harby güýçler-de çalt herekete geçip, onlarça uýgury öldürdi. Oraza aýy başlanaly bäri hanzulardan azyndan 3 polisiýa işgäri, uýgurlardan hem iň bärkisi 18 adam öldürildi.

Pekiniň Sinszýany "üç ýaramazlygyň" - terrorizmiň, dini ekstremizmiň we separatizmiň - öýjügi diýip suratlandyrýar. Hytaý häkimiýetleri ençeme gezek howpsuzlyk operasiýalaryny geçirdiler. Ýöne soňra uýgurlary boýun egdirmek üçin bu kampaniýalarda din nyşana alyndy. Bu hem halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni öňküden beter özüne çekmek bilen Hytaýyň islemeýän netijesini berdi.

Soňky girizilen düzgüne görä, eger garry adamlar bolmasa, uýgurlara sakgal goýbermek gadagan. Ýaşy 18-den aşakdakylara metjide barmak bolanok.

Ýöne Sinszýandan uzakdaky musulmanlary gahar-gazaba mündürip, 300 müň çemesi uýguryň özüne watan edinen ýurdy Türkiýede uýgur meselesini üns merkezine getiren agyz beklemäge girizilen gadagançylyk boldy. Türkiýäniň daşary işler ministri beýannama ýaýradyp: "Sinszýan regionynda uýgur türklerine agyz beklemegiň we beýleki dini parzlary berjaý etmegiň gadagan edilmegi baradaky habarlar biziň halkymyzy tukatlandyrdy" diýdi.

Hytaýlylaryň uýgurlara zabun çemeleşmegi iýun aýynyň aýaklarynda Türkiýede Hytaýyň garşysyna protestleriň turmagyna getirdi. Ankarada Hytaýyň ilçihanasynyň öňünde bu ýurduň baýdagyna ot berildi. Gaharly protestçileriň hytaýly turistleri nyşana alandygy aýdyldy.

Hytaý Türkiýä sapara gidýän hytaýlylary hüşgärlige çagyryp, duýduryş berdi.

9-njy iýulda Tailandyň häkimiýetleriniň 109 uýgury Hytaýa gaýtaryp berendigi mälim bolanda, Türkiýedäki demonstrantlaryň gahary Tailanda gönükdi. Tailand Ankaradaky ilçihanasyny we protestçileriň şol gün urduryp giren öz Stambuldaky konsullugyny wagtlaýynça ýapdy.

Hytaýdan gaçyp çykýan uýgurlaryň barýan esasy ýeri günorta-gündogar Aziýa ýurtlary. Olaryň aglabasy şol ýerden Türkiýä aşmagy umyt edýärler. 9-njy iýulda Tailanddan Hytaýa gaýtaryp berlen uýgurlar biz türk diýip, bu ýurtda bir ýyl bolupdyrlar.

Taý häkimiýetleri beýleki uýgurlara Türkiýä gitmäge rugsat etdiler. Bangkok özüniň Türkiýedäki diplomatik missiýalarynyň nyşana alynmagyna garaşmadyga meňzeýär.

Taý häkimiýetleri uýgurlaryň gaýtaryp berilmegi barada Hytaýdan gelen haýyşnama salgylanýarlar. Pekin bu 109 uýguryň ekstremistik toparlara goşulmak üçin Orta Gündogara barýandyklaryny, olaryň 13-siniň terrorçylykly işleri edip, Hytaýdan gaçandygyny aýdýar.

Hytaýy terk edip, Pakistanda, Owganystanda, Yrakda we Siriýada ekstremistik toparlara goşulan uýgurlar ýok däl. Ýöne Pekiniň Sinszýanda "terrorçylykly" hüjümler diýýäninde ulanylan ýaraglar köplenç pyçak ýa palta.

Hytaý uýgurlara "separatist" tagmasyny basyp, bu problemanyň pan-yslamçylyk problema öwrülip barýanyny ençeme ýyllap görmezlige saldy.

Ýöne bu soňky göçüm, ýagny oraza aýynda agyz beklemegi gadagan etmek Türkiýedäki türk dindeşleriniň ünsüni uýgurlaryň agyr ýagdaýyna çekdi. Türkiýe bilen Hytaýyň aralygynda bolsa Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan bar. Bularyň hem ählisi musulman türki halklar, uýgurlar bilen garyndaş.