Ýadro ylalaşygy nämäni aňladýar

Eýranly türkmenler

Eýranlylar ýadro ylalaşygynyň oňyn we çalt netijeleriniň bolmagyna umyt baglaýarlar. Emma ekspertler olaryň biraz sabyrly bolmalydygyny duýdurýarlar.

Ykdysady sanksiýalaryň döreden kynçylyklaryny ýyllarboýy gerdenlerinde çekenlerinden soň, ýönekeý eýranlylar şu hepde baglaşylan ýadro ylalaşygynyň netijeleriniň mümkin boldugyça çalt duýulmagyny isleýärler.

Halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyň giňemegi has gowy ykdysady şertleriň döremegine, Günbatar bilen gatnaşyklaryň has ösmegine alyp geler diýip, köp adam ynanýar.

"Biziň durmuşymyza umyt gaýdyp geldi, mundan öň men ne özüm, ne-de deň-duşlarym üçin hiç bir gelejek görmeýärdim» diýip, 19 ýaşly Hamid Tähranda 14-nji iýulda baglaşylan ylalaşyk babatdaky begenjini paýlaşanda aýtdy.

Sanksiýalaryň has ýowuzlary, şol sanda Eýrany dünýäniň maliýe sistemasyndan gyrakladan gadaganlyklar Tähranyň ylalaşyk şertlerini ýerine ýetiriş ynandyrmalary esasynda ýatyrylar.

Elbetde, bu umyt döredýär. "Men örän uzak wagt bäri ilkinji gezek ýeňillik bilen dem aldym» diýip, bir hudožnik eýran paýtagtynda aýtdy. Ol adynyň aýdylmazlyk şertinde gürläp, esasy azyk harytlarynyň, dermanlaryň we beýleki zerur zatlaryň bahasynyň arzanlamagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Adamlaryň gerdenine düşen ykdysady basyş örän kyn boldy» diýip, ol aýtdy.

Emma ol hudožnik Eýrandaky durmuşyň tutuşlygyna, hemme taraplaýyn üýtgejegine garaşmaýandygyny hem boýun aldy.

"Men ýurduň üýtgemejegini bilýärin, ýagny bu ýerde korrupsiýa bolar, biz özümiziň syýasy we sosial hukuklarymyzyň köpüsiniň bozulandygyny göreris» diýip, ol aýtdy.

Bu ylalaşyk halkara maliýe guramalaryna Eýran bilen gatnaşyk etmekde girizilen çäklendirmeleri gowşadar, netijede daşary ýurtlara pul ibermekde, daşardan pul almakda görgi baryny gören eýranlylaryň arkasyna şemal çalar.

Günbatar uniwersitetlerinde okaýan eýranly studentler bolsa, şertnamada aýdylmagyna görä, mundan beýläk ýadro ylmy, ýadro inženerçiligi ýa-da energiýa pudagy ýaly ugurlardan çetleşdirilmez.

Ylalaşygyň oňyn özgerişlik getirjek pudaklarynyň ýene biri bolsa, ýurduň milli pul birliginiň, rialyň hümmetiniň aýylganç peselmeginiň togtamagy bolar öýdülýär.

Tähranda adynyň aýdylmazlygyny sorap gürleşen žurnalistleriň biri bu pudakdaky gowulaşma adamlary has kän pul sowmaga hyjuwlandyrar we bu biznes üçin gowy bolar diýdi.

Maliýe kararlaryna gelmezden öň ylalaşyk baglaşylmagyna garaşan adamlar kän boldy, «indi ylalaşyk baglaşyldy, nämälimlik aýryldy» diýip, ol aýtdy.

Emma muňa garamazdan, synçylaryň pikirlerine görä, sanksiýalardan we ýalňyş dolandyryşdan uzak wagt zyýan çeken ykdysadyýetiň dikelmegi üçin birneme wagt gerek bolar.

Londonda ýaşaýan ykdysatçy Mehrdad Emadiniň pikirine görä, eýranlylaryň sanksiýalaryň aýrylmagyndan düýpli özgerişlik görüp başlamagy, ýagny Tähranyň daşary ýurtlarda doňdurylan 100 milliard dollarlyk nebit girdejilerine gowuşmagy üçin alty aý bilen bir ýyl arasynda wagt gerek bolar.

Eýranlylaryň köpüsi daşary ýurt maýasynyň ýatyrylmagy netijesinde, ýurduň energiýa, awtomobil, syýahatçylyk pudaklarynyň pajarlap ösmegine, iş ýerleriniň köpelmegine umyt baglaýar.

Emma, Emadiniň pikirine görä, ýurtda işsizlik derejesiniň peselmegi üçin üç ýyla çenli wagt gerek bolar.

Eýranyň nebit ministriniň nebit-himiýa meseleleri boýunça orunbasary Abbas Şeri Moghadam Eýranyň nebit-himiýa pudagyna maýa ýatyrmak isleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň köp boljagyny çaklady.

"Biz özümizi şol güne taýýarlamaly» diýip, Moghadamyň aýdan sözleri IRNA tarapyndan 14-nji iýulda halka ýetirildi.

Emma ýurduň ykdysadyýet ministri Ali Tayebnia şol günüň özünde Eýranyň ykdysadyýetiniň «struktura, gurluş problemalaryndan» ejir çekýändigini we munuň haýal etmän düzedilmelidigini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.