Eýran ylalaşygy näme berer?

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) Eýranyň prezidentiniň dogany Hossein Fereýdoun (ortada) we daşary işler ministri Jawad Zarif (sagda) gepleşýär. 14-nji iýul, 2015 ý.

14-nji iýulda Wenada Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda gelnen taryhy ylalaşyk Tähranyň garşysyna girizilen halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna ýol açdy. Eýran hem munuň deregine öz ýadro işjeňligini çäklendirmeli.

Alty güýçli döwlet gelnen ylalaşyk Eýranyň ýadro ýaragyny edinme başarynygynyň badyny gowşadar diýse-de, bu ylallaşygyň Eýranyň dünýä jemgyýetçiligine täzeden goşulmagyndan döreýän mümkinçiligi bilen baglanyşykly giň gerimli netijeleri-de bolup biler.

Eýranyň ykdysady taýdan güllap ösmegi ýadro şertnamasyna şübheli garaýanlarda alada döredýär. Olar maliýe güýji artan Eýran ozal hem gowşak Orta Gündogary öňküsindenem beter durnuksyzlaşdyrar diýip gorky edýärler.

"Biz Eýran ýurt içinde güýçli çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, onuň sanksiýalaryň gowşamagynyň käbir netijelerini durunksyzlyk işleri üçin ulanmagynyň mümkindigini elbetde bilýäris we aladalanýarys" diýip, Amerikanyň Döwlet departmentiniň bir resmisi 8-nji iýulda aýtdy.

Ýöne Günorta Florida uniwersitetiniň Strategik we diplomatik barlaglar merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Mohsen Milaniniň pikiriçe, ylalaşygyň Orta Gündogarda "transformasiýa hadysasy" bolup hyzmat etmegi-de mümkin. Sebäbi ol Eýran bilen Günbataryň arasynda gowy gatnaşyklara ýol açar. Munuň hem regionda dartgynlylygy azaltmagy mümkin.

Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen ýadro ylalaşygyny goldamagy sunnüleriň agdyklygyndaky arap ýurtlarynda Waşington regionda şaýy Eýranyň öňüni almakdan saklanýar diýen alada sebäp boldy. Arap aýlag ýurtlary indi halkara ýaranlyklary köpeltmegiň gürrüňini edýärler.

"[Amerikan prezidenti Barak] Obama Eýran bilen gatnaşyklary gaýtadan dikelden prezident bolup ýatda galar. Ýöne onuň regiondaky gadymy ýaranlaryny ýitiren amerikan prezidenti bolup hem ýatda galmagy mümkin" diýip, Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň howpsuzlyk boýunça kuweýtli maslahatçysy Sami Al-Faraj iýun aýynda Reuters habar gullugyna aýtdy.

Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşi - Saud Arabystanyny, Kuweýti, Bahreýni, Katary, Birleşen Arap Emirliklerini we Omany öz içine alýar - "Regionda güýç deňagramlylygyny gaýtadan ornatmagymyz üçin başga mümkinçilikleri agtarýar. Bu Orsýet bolýarmy, Fransiýamy ýa Türkiýe we Pakistan ýaly bir regional güýç bolýarmy [ol belli däl]" diýip, Faraj aýtdy.

Orsýetiň Siriýada Asadyň režimini goldaýandygyna garamazdan, Saud Arabystanynyň özbaşdak baýlyk fondy üstümizdäki aýyň başlarynda Orsýetde 10 milliard dollar maýa goýmak barada Moskwa bilen ylalaşandygyny aýtdy.

Saud Arabystany Fransiýa bilen hem ýakyn gatnaşyklary ýola goýup ýör. Er-Riýad bilen Pariž Saud Arabystanynda iki sany atom reaktoryny gurmak mümkinçiliklerini öwrenýändiklerini ýaňy iýun aýynda bildirdiler.

Saudylar bu reaktorlar parahatçylykly maksatlar üçin guruljak diýseler-de, köp çaklamalara görä, bu ýadro ylalaşygynyň urany baýlaşdyrmak meselesinde Er-Riýady iň bärkisi Eýranyň derejesine ýetmäge dyrjaşmaga itermegi mümkin.

"Eýrana öz başarnygynyň köpüni saklap galyp, barlag işlerini artdyrmaga rugsat edilýärkä, biz golumyzy gowşuryp boş oturyp bilmeris" diýip, bir arap ýolbaşçysy maý aýynda "The New York Times" gazetine aýtdy.

Eýranyň halkara derejesinde çetleşdirilmegi onuň öz energiýa baýlyklaryny pula öwürmegini bökdäpdi. Ýöne indi bu ýagdaýyň hem üýtgemegi mümkin.

Käbir synçylaryň garaýşyça, ylalaşyk ýurt içinde demokratik reformalaryň ýol alma perspektiwasyny hem artdyrar. Olar, sanksiýalar aýrylyp, uruş howpunyň sowulmagy reformalaryň tarapyny çalýan eýranlylara öz diýenlerini etdirmek üçin has giň mümkinçilik berer diýýärler.