Medresede zorlananyň sud işi dowam edýär

Gurhany okaýan bir oglan

Kämillik ýaşyna ýetmedik bir oglanjygy zorlamakda aýyplanýan medrese mugallymynyň aklawçysy barlag işiniň soňuna çenli doly geçirilip, sud işiniň tamamlanmagyny sorap, ýokary kazyýete ýüz tutupdyr.

Şeýle ýüzlenme bilen aklawçy öz müşderisiniň ruhy ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli aklanmagyny, barlagyň täzeden geçirilip, sud işine gaýtadan garalmagyny sorapdyr. Beýleki tarapdan, şeýle waka duçar bolan oglanjygyň saglyk ýagdaýy hasam erbetleşipdir we ol şikesli diýlip yglan edilipdir.

Oşda ýerleşýän gyzgyz-türk medresesiniň mugallymy Nurseýit, 9 ýaşyndaky bir oglanjygy zorlamakda aýyplanyp, 2012-nji ýylyň 10-njy iýulynda tussag edilipdir. Bu işiň üstünden üç ýyl geçendigine garamazdan, sud işi henizem gutaranok.

Oglanjygyň hossarlary, medresäniň mugallymynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden sypmak üçin edýän synanşyklary sebäpli, sud işiniň şeýle uzaga çekendigini öňe sürýärler. Birden tötänlikde onuň ruhy hassalykdan ejir çekýändigi äşgär bolupdyr. Has anyk aýdylanda, ol 2012-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Gyzyl-jardaky psihologiýa klinikasynyň hünärmenlerinden özüniň ruhy keseliniň bardygy babatda hat almagy başarypdyr. Oglanjygyň hossarlary bolsa onuň hakykatda ruhy keseliniň ýokdugyny aýdýarlar.

Aklawçy Husanbaý Salyýew şeýle diýýär: ”Sud işiniň şeýle uzaga çekmegine kazyýet günäkär. Sebäbi hut olar gaýtadan barlag geçirilmegine garşy çykyp, sud işiniň uzaga çekmegine sebäp boldular. Gyzyl-jar hassahanasynyň beren hatynyň şübhe döredýändigini biz sud işi başlanan mahaly nygtadyk. Medresäniň mugallymy bir aý Gyzyl-jar psigologik klinikasynda ýatyp çykyp jezadan sypmagy göz öňünde tutupdyr. Şu wagta çenli ol ruhy keseli babatda hiç bir ýerde psihologiki bejeriş almandyr. Ýerli lukmanlar, hiç hili esas bolmazdan, onuň şizofreniýa keselinden ejir çekýändigi barada karar kabul edipdirler.

Keselli ýa-da keselsiz

Çym-Korgon psihologik klinikasy bitarap ýagdaýda geçiren barlagynda Nurseýidiň hiç hili ruhy kesele duçar bolmandygyny anyklapdyr. Oşuň welaýat kazyýeti 2014-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda bu esasa salgylanyp, ol adaty sagdyn adam diýen karara gelipdir we sud işiniň doly barlanyp, tamamlanmagyny isläpdir.

Ýöne aýyplanýan ýokary kazyýete ýüz tutup, Gyzyl-jar keselhanasynyň beren hatynyň öz güýjüni saklamagyny we gaýtadan geçirilen barlagyň netijesiniň bolsa goýbolsun edilmegini isläpdir.

Medresäniň mugallymynyň aklawçysy Gulnur Japakulowa bu barada beýannama bermekden ýüz öwrüpdir. Lukmanlar uzaga çeken bejeriş işiňesasynda ahyrsoňunda ejir çeken oglanjygy ömürlik şikesli diýip hasaplamaga mejbur bolupdyrlar. Ejesiniň aýtmagyna görä, oglanjyk 2012-nji ýylda gyrgyz-türk medresesinde okamaga başlandan soň şeýle ýagdaýa düşüpdir: ”10-njy iýulda, haçan-da ol maňa aglap jaň edende, men hemme zady öwrendim. Men oglumdan şeýle ýagdaýyň näçe gezek gaýtalanandygyny soranymda, ol her gün gaýtalanandygyny aýtdy. Oglumyň içki geými hapalanypdy. Medresäniň mugallymy oňa haýbat atyp, erbet gorkuzypdyr we eger ýagdaýy ene-atasyna aýdaýsa, ony öldürjegini nygtapdyr. Oglum gije uklap ýatyrka "Nurseýit gelýär!" diýip, gygyryp, basyrganyp turýar we aglamaga başlaýar. Meniň oglumy, ynha şol ýerde şikesli diýip yglan etdiler”.

Aýyplanýanyň sud işine medrese bilen din işleri guramasynyň wekilleri hem goşulypdyrlar. Oş welaýatynyň kazysy Niýazaly Arypow "Süleýman-Too" atly gyrgyz-türk medresesinde bolan wakany öjükdirip, musulmanlara günä ýöňkelmezlige çagyrypdyr: ”Elbetde, hemmeleri bir hasaplamaly däl. Musulmanlaryň arasynda hem ogrulara, başbozarlara, jenaýatkärlere duş gelinýändir. Medrese bolan bir wakany mysal görkezip, ony yslam bilen baglanyşykly adaty waka ýaly hasaplap, bu işi ähli musulmanlara ýöňkemeli däldir. Adamynyň etmişine şahsy ýagdaýda garalmalydyr. Häzirki döwürde haýsam bolsa bir oňaýsyz ýagdaý ýüze çyksa, ony derrew ähli musulmanlara ýöňkeýärler. Beýle etmek dogry däldir”.

Medresäniň mugallymy Nurseýit 24 ýaşynda şol oglanjyga degen ekeni. Kärdeşleri bilen geçirilen gürrüňdeş bolnanda olar ony hemişe dymyp ýören, adamlar bilen aragatnaşygy çäkli adam hökmünde häsiýetliripdirler.

Gyrgyz-türk medresesiniň ýolbaşçylary bu bolan waka sebäpli oglanjygyň ene-atasyndan ötünç sorap, öz işlerini dowam edipdirler.

"Süleýman-Too" atly gyrgyz-türk medresesinde 30 oglanjyk tälim alýar.