Eýran: Konserwatiwler wideo hüjümini edýär

Eýran konserwatiwleri hüjümli wideo ýazgysyny ýaýratdylar. Gürrüňi edilýän bu wideoda eýran-amerikan taryhynyň ýakymsyz bölümleriniň ýatlamalary gorjalyp, Tähran bilen ýadro geleşiklerini geçirýän taraplar möjege meňzedilýär.

Klipde halka “Hotel Koburg” atly aýdym hödürlenýär. “Hotel Koburg” Wenada Eýran bilen dünýaniň alty sany – Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet, şeýle hem Germaniýa döwletleriniň arasynda ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleriň barýan ýeri.

Goşgy Eýranyň gepleşik geçirýän partnýorlaryna, aýratyn-da resmileriniň geçmişde we häzirki wagtda ysraýyl resmileri bilen ýanaşyk duranlygy görkezilýän Birleşen Ştatlara ynam edip bolmaz diýen duýgyny oýarýar:

“Möjegiň ýylgyrşy umyt goýanok,

Uly ýalan umyt goýanok mende.

Gepleşikler gitdigiçe gyzyşýar.

Gitdigiçe gabaw daralýar hem-de”.

Eýranyň konserwatiw habar gullugy “Fars” bu klibiň ýokary ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi şahyrlar şer barada öz pikirlerini beýan etmeli diýensoň “Basij aýdym-saz öýi” tarapyndan çykarylandygyny aýdýar.

Hameneýi 1-nji iýulda: “Şahyrlar hakykat bilen şeriň arasynda barýan göreşde bitarap galyp bilmezler” diýdi.

“Khamenei.ir” websaýtynda ýerleşdirilen çykyşyň tekstinde aýdylmagyna görä, Hameneýi: “Şahyrlar we sungatçylar bitarap bolsalar, onda bu olaryň Hudaýyň özlerine beren talantyny bisarpa tutdugy bolar” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

“Fars” habar gullugy Hemeneýiniň beýanatyny ýurduň gyssagly meseleleri barada öz pikirlerini beýan etmekleri üçin şahyrlara gönükdirilen çagyryş manysynda görýär.

Aýdymda gepleşikler küşt oýny ýaly edip suratlandyrylýar. Bu oýunda bolsa bir tarap, ýagny Eýran “howplaryň kölegesi astynda” gepleşik geçirýär.

Aýdym şeýle hem diňleýjilere Eýran bilen Amerikanyň arasyndaky iň garaňky epizodlary, şol sanda Merkezi aňtaw gullugy “CIA“ tarapyndan 1953-nji ýylda gurnalan we Eýranda “28-nji mordad agdarylyşygy” diýip atlandyrylýan döwlet agdarylyşygyny ýatladýar.

Aýdymçy sesini peseldip, şeýle diýýär:

“Näme diýeýin? 28-nji mordadyň ajysy ýatdan çykanok.

Seniň gülki tolkunlaryň ol ýerde”.

Eýran resmileri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Eýranyň ýadro desgalaryny barlamak wezipesi ynanylan inspektorlary Birleşen Ştatlaryň içalysy diýilýän pikirler hem aýdymda häli-şindi ýaňlanýar.

Şeýle hem Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro programmasynyň öňüni beklemek üçin 2012-nji ýylda azyndan ýurduň dört sany ýadro alymyny öldürenlikde aýyplanýar:

“Merkezi aňtaw gullugynyň gözegçileri,

Olaryň igesiniň yzy görnüp dur.

Bu [uly ýadro alymy Mejid] Şahrýaryň we [beýlekileriň] ölüm plany”.

Režimiň daşary işler ministri Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky ýadro gepleşiklerini doly goldanlygy üçin gepleşikleri tankytlaýan konserwatiwleriň sesi köp çykmady.

Ýöne olar ýadro ylalaşygy başa barsa-da, Birleşen Ştatlaryň öňküsi ýaly “Uly şeýtan” bolup galjakdygyny ençeme gezek bildirdiler.