“Mellek berildi, gaz, tok, suw çekilmedi”

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň käbir ýaşaýjylary gumuň içinden hödürlen mellek ýerlerine aýlanýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ilata mellek ýerleri paýlanyp berilýär. Kähalatlarda paýlanýan şol mellek ýerleri gumuň içinden berilýär. Şeýle mellek ýerleriň biri Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjylaryna paýlanyp berildi.

Lebap welaýatynyň Lebap daýhan birleşiginden özüni Döwran diýip tanyşdyran kärendeçi, gürrüňi edilýän mellek ýerleriniň ilata mundan bir ýyl çemesi ozal paýlanyp berlendigine garamazdan, bu sebite elektrik togy, suw, gaz ýaly gündelik durmuş üçin zerur bolan serişdeleriň çekilmändigini aýdýar.

Lebaply kärendeçi Döwran bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Mellek berildi, gaz, tok, suw çekilmedi”