Daşoguz welaýatynda paýlanýan mellek ýeriniň ilatly punktlardan uzakda ýerleşýän territoriýalardan paýlanyp berilýändigini käbir ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Şol mellek ýerlerinde hem, ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň ýeterlik bolmandygy sebäpli ýaşaýjylaryň mellek ýerini almakdan ýüz öwürýändigi aýdylýar.
Bu mesele barada Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginden özüni Baýrambibi diýip tanyşdyran pensioner zenan Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.