Aşgabat: Eýwanlar sökülýär

Aşgabadyň Parahat-2 we Parahat-11 mikroraýonlaryndaky ýaşaýyş jaýlary.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň, hojalyklar tarapyndan suwalyp ýapylan lodžiýalary, ýagny eýwanlary sökülýär. Il içinde balkon diýilýän bu eýwanlar häzir paýtagtyň Parahat-2 we Parahat-11 mikroraýonlaryndaky käbir ýaşaýyş jaýlarynda sökülýär. Häzirlikçe, eýwanlar daşy mermere meňzeş gurluşyk materialy bilen örtülýän jaýlarda sökülýär.

Gürrüňi edilýän eýwanlary ýapmak üçin hojalyklaryň eden goşmaça gurluşyklaryny jaýlary abatlaýan hususy gurluşyk kompaniýalary söküp aýyrýarlar. Munuň üçin ýaşaýjylardan pul alynmaýar. Sökülen eýwanlara aýna goýulýar.

Eýwany sökülýän jaýlar.

Mälim bolşy ýaly eýwanlar 3,4 we 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýapylýar. Adatça, bu eýwanlarda iki sany penjire goýlup galan ýeri kerpiç örülip ýapylýar we suwalýar. Bu jaýlaryň eýwanlary giň, onsoň olaryň daş ýüzi kerpiç örülip ýapylansoň, olar aşhana ýa-da kiçeňräk otag hökmünde ulanylýar.

Eýwanlaryň sökülmegi

“Jaý ilki gurulaýanda, lodžiýa durşuna penjire goýlandy. Ondan şemal geçýärdi. Lodžiýany ulanmagam amatly däldi. Şonuň üçin lodžiýa ýapylyp, goşmaça otag edilýär” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjsy Ýazow gürrüň berýär.

Eýwanlary ýapylan jaýlary paýtagtyň islendik ýerinde görmek bolýar. Şol sebäpden häkimiýetleriň olary sökmekleri bu jaýlaryň ýaşaýjylaryny alada goýýar.

Eýwany sökülýän jaýlar.

“Ýyllar boýy lodžiýalar ýapylyp, ulanylyp gelinýärdi. Häkimiýetler gadagan etmeýärdiler. Indi bolsa söküp başladylar” diýip, Ýazow aýdýar.

Şol bir wagtda hem edil häzir eýwanlar daşy mermerlenýän jaýlarda sökülýän hem bolsa, öý hojalyk uprawleniýeleriň işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, eýwanlar paýtagtyň ähli jaýlarynda sökülmeli.

Çykdajylar

“Häzir alkoban örtülýän jaýlaryň lodžiýalary hökümetiň hasabyna sökülýär. Ýöne beýleki jaýlaryň eýwanlarynyň nähili tertipde aýryljakdygy barada anyk bir zat ýok. Bu mesele entäk çözlenok” diýip, Parahat mikroraýonyndaky öý hojalyk uprawleniýeleriň biriniň işgäri aýdýar.

Häzir eýwanlar “hökümetiň” hasabyna sökülýän-de bolsa, bu işleriň gidişinde ýaşaýjylar hem belli bir derejede çykdajy etmeli bolýarlar. Olar sökülen eýwanlaryň içki diwarlaryny öz hasaplaryna remont etmeli bolýarlar.

Eýwanyň suwalan jaýlaryň biri.

Şol bir wagtda hem eýwanlaryň sökülmeginiň nähili düzgünlerdir, dokumentler boýunça amala aşyrylýandygy äşgär edilmeýär. Eýwanlaryň diňe “buýruk bar” diýen esasda sökülýändigini ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

“Hiç hili düşündiriş bermeýärler. Garşy çyksaň, syýasata garşy gidýäňmi diýip, ýakaňdan tutjak bolýarlar” diýip, Ýazow bu barada gürrüň berýär.

Eýwanlaryň näme sebäpden sökülýändigi ilata resmi taýdan düşündirilmese-de, bu iş şu ýylyň başynda badalga alan paýtagtyň ýaşýyş jaýaryny abadanlaşdyrmak işiniň çäklerinde amala aşyrylýandygy äşgär. Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak bolsa geljekde paýtagtda geçiriljek “Aziada-2017” sport ýaryşyna görülýän taýýarlyk bilen bagly.