Demirgazyk Owganystan: Nur - Dostum ýaranlygy

Owganystanda öňki uruş serkerdesi Abdul Ali Mazariniň plakaty.

Top-tüpeňiň gümmürdisi kesilip, gülläniň zarbyna oýuk-oýuk bolan öýler abatlansa-da, graždanlyk urşunyň elhençlikleri halkyň entek ýadynda.

"Weýrançylygyň yzlary indi görnenok. Ýöne ol gara günler bu ýerde hemmeleriň ýadynda" diýip, Mazary-Şerifiň merkezinde ýerleşýän bir dükanyň eýesi Abdul Hamid aýdýar.

Owganystanyň demirgazyk welaýaty Balhyň merkezi bolan Mazary-Şerifde ondan bäri köp zatlar üýtgedi. Ol indi ýurduň iň bir döwrebap we liberal şäheri hasaplanýar. Köçelerde aýdym-saz ýaňlanýar. Seýil baglara üýşüşen aýallaryň gümür-ýamyry şäheriň uly metjidinden dumly-duşa ýaýraýan azanyň sesine garyşyp gidýär.

Nur we Dostum

Ýöne Mazary-Şerifiň Atta Mohammad Nuruň ýolbaşçylygyndaky güýçler bilen Abdul Reşit Dostumyň güýçleri arasynda giden köçe söweşleriniň sahnasyna öwrülenine entek köp wagt geçenok.

2001-nji ýylda Amerika Owganystana çozup gireninden soň hem iki uruşparaz serkerdäniň arasyndaky çaknyşyklar dowam edip, üç ýyldan soň bir ylalaşyga gelindi. Balh welaýatyna kontrollyk Nura berildi. Dostum hem töwerekdäki welaýatlarda öz täsirini saklap galdy.

Demirgazyk Owganystanyň kartasy.

Şol sebäpdenem ýaňy golaýda, demirgazyk Owganystanyň howpsuzlygy esasan Nur bilen Dostumyň ýaranlygyna ynanylanda, iki serkerdäniň duşmançylykly geçmişine ýetik ilatyň muňa gorky bilen garamagy geň zat däl.

Kabul bil baglaýar

“Talibanyň” bütin demirgazyk Owganystany aralamagyndan gorka düşen Kabul bu iki öňki uruşparaz serkerdäniň özara ýaranlygyna bil baglady.

Iýun aýynda öz ýaranlyklaryny yglan edenlerinde, bularyň ikisi-de çyn syýasatçy bolup gürledi - Dostum ýurduň birinji wise-prezidenti hökmünde, Nur hem Balh welaýatynyň häkimi hökmünde.

Nur özüniň 12 ýyllap höküm süren welaýaty Balhda aşa uly güýç-gudrat toplady. Ýöne assyrynlyk bilen edilýän tankytlar-da bar. Onuň häkimiýeti ýeke öz elinde saklap, bir diktator ýaly höküm sürýänligi aýdylýar.

"Demirgazygyň halasgäri"

Tutuşlygyna alanyňda welin, Balh ilaty welaýatda tertip-düzgüni ornadany üçin Nury goldaýar. Käbir adamlar oňa "Demirgazygyň halasgäri" diýýärler.

"Onuň häkimiýete monopoliýasy biziň howpsuzlyk üçin töleýän bahamyz. Howpsuzlyk biziň üçin iýmitden hem möhüm" diýip, welaýatyň bir ýaşaýjysy belleýär.

Prezident Aşraf Gani öten ýyl häkimiýet başyna gelende, prezident administrasiýasyna gaty ýakyn hasaplanýan uruşparaz serkerdeleri bu orundan çetleşdirmek barada köp synanyşyk etdi. Ýaňy birnäçe aý mundan ozal hem Ganiniň häkimiýet başyndan çekilmegi üçin Nura güýçli basyş edýänligi barada habar berilýärdi.

Ýöne bu “Taliban” güýçleri baharda demirgazyk welaýatlara çozuş etmezinden öňdi.

Nuruň zerurlygy

Balhyň demirgazykda möhümdigine göz ýetiren Kabul öz howpsuzlyk strategiýasy üçin Nuruň zerur gerekdigine düşündi.

Dostum hem özbek we türkmen saýlaw bloklaryny howpsuzlandyrmak bilen, Ganiniň saýlawda gazanan ýeňşinde uly rol oýnan adam. Kagyz ýüzünde ol hökümetiň iň güýçli agzalarynyň biri bolsa-da, iş ýüzünde oýnaýan roly köplençe diňe resmiýeti saklamak.

Nur bilen ýaranlyk Dosutma hem Kabulda ulurak rol oýnamaga hem-de demirgazyk Owganystandaky ozalky güýç bazasyny gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Bu adamlaryň ikisinde-de demirgazykdaky ilatyň uly bölegine täsir edere başarnyk hem mümkinçilik bar. Nur esasan täjiklerden durýan “Jamiat-e Yslamy” partiýasynyň başlygy. Dostum hem özbek-türkmeniň agdyklyk edýän “Junbiş” partiýasynyň başlygy.

Gorkular

Nur bilen Dostum özleriniň demirgazykdaky güýçlere bilelikde ýolbaşçylyk etjekdiklerini aýtdylar. Ýöne olaryň kömek üçin söweşijilere ýüz tutmagyndan gorkulýar.

Nur iýun aýynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda söweşijileri ýaraglandyrmandygyny we ýaraglandyrmajakdygyny aýtsa-da, bu işiň şu wagt hem edilýändigi barada subutnamalar bar.

"Hökümet bizi ýarag bilen üpjün edýär. Öz obamyzy goramak üçin aýda on müň owgany alýarys" diýip, gündogar Balhda taze döredilen söweşijiler toparynyň bir komandiri aýdýar. "Esgerler gorkup, postlaryndan daşary çykyp bilenoklar. Welaýat hökümeti bizi ýaraglandyryp, özüňizi goramak öz wezipäňiz diýdi".

Komandiriň aýtmagyna görä, täze döredilen söweşijiler toparyndakylaryň köpüsi Içeri işler ministrligi tarapyndan türgenleşdirilip, ýerli owgan polisiýasyna alnan adamlar. Ýöne söweşijileriň aglabasy özbaşdak hereket edýär. Şol sebäpden olara kontrollyk edip bolarmy diýen sorag ýüze çykýar.

Bir puştun taýpa başlygy söweşijiler gündiz ”Taliban” güýçleri bilen uruşýarlar, gijelerine hem "biziň obalarymyzy talaýarlar" diýýär. "Region ýaragdan dolduryldy. Esger haýsy, polisiýa haýsy, söweşijiler ýa jeňçiler haýsy, muny bilýän adam ýok. Hemmeleriň işi uruşmak, biri-birini öldürmek".

Ýene bir taýpa başynyň garaýsyça graždanlyk urşy üçin ähli şert bar: "Hemmeleri ýaraglandyryp, ähli zat düzeler diýip pikir edip bolar. Ýöne ”Talibany” kowanlaryndan soň näme bolar? Ýene öňküsi ýaly, bularyň öz arasynda uruş turar".