Türkmen migrantlarynyň oraza tejribeleri

Türkiýe, Didimde agzaçardan soňky türk kofesi

Türkiýede işleýän türkmenistanly zähmet migranty Arzuw oraza, ýagny remezan aýy gelip, agyz beklenende, ýurtdaky käbir iş ýerleriniň işini çäklendirýändigini, şol sanda spirtli içgi satylýan restoranlaryň, diskotekalaryň bir aýlap ýapylýandygyny, bu ýagdaýyň özi ýaly, şol ýerlerde işleýän adamlary işsiz goýýandygyny aýdýar.

Eýsem, türkmenistanly zähmet migrantlarynyň oraza aýyndaky durmuşy, güzerany nähili geçýär? Olar nähili kynçylyklara duşýar we olardan nähili baş alyp çykýar?

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlaryň orazadaky durmuş hem iş şertleri hakda gürrüň edilýär. Gepleşigi diňläp, sizi hem söhbete goşulmaga çagyrýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen migrantlarynyň oraza tejribeleri