Adam gynamagyň soňlanmagyna çagyrylýar

Täjigistanyň adam gynalmagyna garşy koalisiýasynyň emblemasy.

Merkezi Aziýanyň Adam hukuklary assosiasiýasy (Fransiýa), Adam hukuklary boýunça Helsinki fondy (Polşa), Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy (Belgiýa), Täjigistanda adam gynalmagyna garşy HAG-laryň koalisiýasy, Gyrgyzystanda adam gynalmagyna garşy HAG-laryň koalisiýasy, Gazagystanda adam gynalmagyna garşy HAG-laryň koalisiýasy, Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Adam hukuklary baradaky «Türkmen inisiatiwasy» we Türkmenistanyň Garaşsyz aklawçylarynyň assosiasiýasy Adam gynalmagynyň pidasy bolanlara goldaw bermegiň halkara gününde ýörite beýanat ýaýratdy.

Merkezi Aziýadaky tussaglar ýygy-ýygydan elektrik toguna tutulmak, bogulmak, zorlanmak we urlup-enjilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, hukuk toparlarynyň 26-njy iýunda, adam gynalmagynyň pidalaryny goldamagyň halkara gününde ýaýradan beýanatynyň başynda aýdylýar.

Adam hukuklary toparlarynyň beýanatynda sebitiň hökümetleri, adam gynalmagynyň pidalaryny goldamak baradaky halkara gününiň hormatyna, adam gynamagy soňlamaga we pidalar babatda adalatlylygy üpjün etmäge, günäkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrylýar.

Beýanatda «tussaglaryň saklanan badyna öz saýlan aklawçysyny hakyna tutup bilmegi, gynag şikaýatlarynyň garaşsyz ýagdaýda derňelmegini üpjün edýän mehanizmleri ýola goýmak» boýunça anyk işleriň edilmelidigi aýdylýar, Türkmenistan bilen Özbegistanyň BMG-niň ýörite proseduralary, şol sanda adam gynalmagy boýunça ýörite dokladçylary üçin hemişelik çakylyklary çap etmelidigi bellenilýär.

Merkezi Aziýada adam gynalmagynyň pidasy bolanlar köplenç, öç alynmagyndan gorkup, şikaýat etmeýärler we olaryň arasynda adam hukuklaryny goraýan guramalardan kömek soramaga het edýäni beýle kän däl.

Emma muňa garamazdan, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hökümetden aýry guramalarynyň adam gynalmagyna garşy koalisiýalary 2015-nji ýyldan başlap, degişlilikde 45, 98 we 20 sany täze adam gynamak işini we beýleki ýowuz daraşma şikaýatlaryny hasaba aldy.

Bu işleriň käbiri birnäçe şahsyýete degişli bolup, olar özleriniň gynalandygyny aýdýarlar.

Jemgyýetçilik gözegçiligi ýok

Hiç bir derejede netijeli jemgyýetçilik kontrolunyň ýa-da gözegçiliginiň bolmazlygy bu problemanyň Özbegistandaky ýaýrawyna anyk baha bermegi örän kynlaşdyrýar diýip, hukuk toparlarynyň beýanatynda aýdylýar. Emma muňa garamazdan, ozalky tussaglaryň we olaryň maşgalalarynyň beren maglumatlary adam gynamagyň we tussaga ýowuz daramagyň jenaýat agtaryş sistemasynyň aýrylmaz bölegi bolup galýandygyny görkezýär.

Merkezi Aziýanyň Adam hukuklary assosiasiýasy 2011-nji ýyldan 2015-nji ýylyň maýyna çenli aralykda Özbegistandan derňew we tussaglyk mahalynda adam gynalandygyny aýdýan arz-şikaýatlaryň 154-den gowragyny alypdyr.

Aşgabat gynag bardygyny inkär edýär

Türkmen režiminiň repressiw häsiýeti zerarly Türkmenistanda hiç bir garaşsyz hukuk topary işläp bilmeýär we ol ýerde adam gynalmagynyň ýagdaýyny her taraply öwrenmek mümkin däl diýip, beýanatda bellenilýär.

«Türkmen häkimiýetleri ýurtda adamlaryň gynalýandygyny erjellik bilen ret edýärler we, biziň bilşimize görä, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine "adam gynalmagy» maddasynyň girizileli bäri, hiç bir adam bu jenaýatda aýyplanmady» diýip, hukuk toparlarynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, beýanatda bosgunlykdaky aktiwistlere Türkmenistanyň suddan öňki we soňky tussaghanalarynda adam gynalmagynyň faktlary barada ynamdar maglumatlaryň yzygiderli gelip gowuşýandygy aýdylýar.