Orsýetiň hökümeti Ýewropa ýurtlarynyň rus döwlet emläklerini tutup saklamak çäresine garşy çäre gözleýär. Ýewropa ýurtlary daşary ýurtlardaky rus döwlet emläklerini arbitraž sudunuň «Ýukos» kompaniýasyna degişli karary esasynda doňdurdylar. Rus synçylary bu çäräni Günbataryň Orsýete garşy yglan eden «gibrid urşunyň» bir bölegi hökmünde häsiýetlendirýärler.
Belgiýa, Fransiýa we Awstriýa şu hepde, Ýewropanyň arbitraž sudunyň iýuldaky kararyna ýerine ýetirmek üçin, rus hökümet emläklerini doňdurmak boýunça çäre göreninden soň, Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlyklar ýokarlanmasyny dowam etdirdi.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Sankt Peterburgda, 19-njy iýunda žurnalistleriň öňünde çykyp gürläp, Orsýetiň zyýan çeken kärhanalarynyň rus suduna Orsýet Federasiýasynyň hem daşary ýurt kompaniýalarynyň döwlet emläklerini tutup saklamagy baradaky şikaýat bilen ýüzlenmekçi bolýandyklaryny, ýagny olaryň özlerine garşy görlen bikanun çärä gaýtargy berilmegini isleýändiklerini aýtdy.
Moskwa düşündirişden razy däl
Lawrow Moskwanyň Belgiýanyň Daşary işler ministrliginden alan düşündirişi bilen kanagatlanmaýandygyny aýtdy.
Ol Belgiýadaky rus hasaplarynyň doňdurylmagy «diplomatiki gatnaşyklar baradaky konwensiýalara düýpden tesr gelýär» diýdi we bu hereketiň bilkastdan Sank Peterburgda geçýän Ykdysady foruma gabatlanyp, Orsýet bilen Günbatar kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga päsgelçilik döretmek üçin edilendigini öňe sürdi.
Belgiýa 17-nji iýunda Orsýetiň 47 kärhanasyny, şol sanda diplomatiki wekilçiliklerini, rus kompaniýalaryny, Orsýetiň Prawoslaw ybadathanasyny, suduň karary esasynda, özlerinde bar bolan rus döwlet emläkleri barada maglumat bermelidikleri bilen habarly etdi. Hiç bir emläk tutulyp saklanylmady we belgiýa häkimiýetleri bu barada hiç bir düşündiriş bermediler.
Bu çäre Haagadaky arbitraž sudunyň 2014-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky kararyny, ýagny ozalky «Ýukos» kompaniýasynyň paýdarlaryna 50 milliard dollara golaý serişdäniň gaýtarylyp berilmegi baradaky buýrugyny ýerine ýetirmek üçin görüldi.
Moskwa beýleki günbatar ýurtlarynyň hem Brýusselde başlanan çärä çalymdaş çäre görmegine garaşýar. Şeýle-de Orsýet özüniň arbitraž sudunyň kararyndan şikaýat edýändigini aýdýar.
«Ýukos» 2003-nji ýylda, ozalky eýesi Mihail Hodorkowskiý galplykda we salgytdan gaçmakda aýyplanyp tussag edileninden soň söküldi. Orsýetiň sudy «Ýukos» kompaniýasynyň emläklerini tutup saklady we satdy. Ol emläkleriň köp bölegi Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasynyň – «Rosneftiň» eline düşdi.
Hodorkowskiý 10 ýyllap türmede oturdy, emma ol özüniň bigünädigini we özüne garşy bildirilen aýyplaryň syýasy sebäplidigini öňe sürýär. Ol 2013-nji ýylda prezident Wladimir Putiniň günä geçmesi esasynda azatlyga çykdy we häzir Şweýsariýada öz meýline bosgunlykda ýaşaýar.
Orsýetiň ozalky maliýe ministri, täsirli ykdysatçy Alekseý Kudrin hem Sank Peterburgdaky foruma gatnaşýanlaryň biri. Ol «Dožd» TW-sine beren gürrüňinde Günbatar ýurtlary rus kompaniýalarynyň emläklerini tutup saklar diýip pikir etmeýändigini aýtdy.
"Olar emläk goşulmasy netijesinde döredilen bileleşik kompaniýalary we döwletden başga-da bir topar paýdary bar» diýip, Kudrin aýtdy. «Eger-de «Gazprom» ýa «Aýeroflot», ýa-da «Rosneft» kompaniýalarynyň emläklerini tussag etseň, olar bilen bile daşary ýurt paýdarlary hem zyýan çeker.»
Sudy diňlemezlik 'gymmat' düşer
Ol rus hökümetiniň özüniň daşary ýurtlarda diplomatiýa dahylsyz gaty az emläginiň bardygyny we bu çäreden medeni alyş-çalyş programmalarynyň hem zyýan görjegini sözüne goşdy.
Kudriniň pikiriçe, halkara sudunyň karary esasynda birnäçe ýurduň şunuň ýaly mejbury çärä ýüz urmagynyň özi hem biziň inwestisiýa klimatymyz üçin negatiw faktor diýdi we Orsýetiň halkara sudunyň kararyna boýun bolmaga borçludygyny aýtdy.
Orsýetli aklawçy Karinna Moskalenko hem, Azatlyk radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde Moskwanyň arbitraž sudunyň kararyna boýun bolmazlygyna düşünip bilmeýändigini aýtdy.
"Sudýany Orsýetiň özi seçip aldy we bu suduň kanunylygynyň esasy bolup durýar" diýip, Moskalenko aýtdy. "Eger Orsýet bu suduň garaşsyz arbitr hökmünde dawa goşulmagyna razy bolan bolsa, bu onuň kararlarynyň ýerine ýetirilmelidigini aňladýar."
Ol Moskwanyň bu karary ýerine ýetirmekden boýun towlamagy, ahyr netijede, has gymmat-da düşüp biler diýdi.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.