Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň talaba laýyk däldigini tassyklap, Oraza aýynyň başynda geçiren ilkinji hökümet maslahatynda degişli resmilere berk käýinç berdi.
Türkmen mediasynyň habaryna görä, ýurduň Ýokary gözegçilik edarasy, prezidentiň tabşyrmagy boýunça, Aşgabat şäheriniň ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi boýunça barlag geçiripdir. Bu barlaglaryň netijesinde agzalýan meselede «düýpli kemçilikleriň ýüze çykarylandygy» aýdylýar. Ýöne resmi metbugatda ol diýilýän "düýpli kemçiliklere" nämäniň sebäp bolandygy barada ýeterlik maglumat berilmeýär.
Prezident Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň hasabatyny diňläp, türkmen paýtagtynda elektrik energiýasy bilen bagly problemalary tassyklady:
«Aşgabat şäheriniň ilaty we kärhanalary elektrik energiýasy bilen ýaramaz üpjün edilýär. Paýtagtymyzy elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençliklere ýol berilýär» diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, ýurduň energetika ulgamynyň işgärleri tomus möwsümine «ýaramaz taýýarlyk» görüpdirler.
Azatlyk radiosyna ýurt içinden gowuşýan habarlarda tutuş ýurtda, şol sanda paýtagt Aşgabatda elektrik üpjünçiliginiň köplenç ýaramazlygyna galýandygy, toguň ýel-ýagyş bolsa, hatda gowy howaly günlerde hem ýygy-ýygydan öçýändigi, käte bolsa, toguň birden güýçlenmegi netijesinde, elektrik enjamlarynyň ýanýandygy aýdylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýagdaýyň sebäbini düşündirip, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, transformatorlaryň ýygy-ýygydan hatardan çykýandygyny, bu ýagdaýyň ilatyň köp sanly arza-şikaýatyna sebäp bolýandygyny aýdypdyr.
Ministrler kabinetiniň maslahatynda edilen gürrüňden çen tutulsa, Aşgabatdaky elektrik üpjünçiligi meselesinde «günäkärler» hem tapylypdyr we olara «berk käýinç» berlipdir.
Türkmen mediasynyň habaryna görä, Aşgabat şäheriniň häkimi Rejepgeldi Nurmämmedowa, Türkmenistanyň energetika ministri Geldi Saryýewe «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýlip, berk käýinç yglan edildi. Eger-de olar bu «kemçilikleri» wagtynda düzetmeseler, wezipe-borçlaryndan boşadylar.
Türkmenistan, resmi habarlardan belli bolşuna görä, goňşy ýurtlaryň hem käbirine elektrik energiýasyny iberýär. Şonuň bilen wagtda, ýurduň regionlarynda hem elektrik üpjünçiliginiň kemçilikleriniň az däldigi barada habarlar gowuşýar.
Emma hökümet maslahatynda regionlardaky elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýy, paýtagtdaky elektrik meseleleriniň anyk nähili çözüljegi, ýagny kemçilikleriň gysga wagtda nähili düzediljegi barada gürrüň edilmändir.