Aşgabadyň köçeleriniň birinde amala aşyrylýan gurluşygyň Goçgarata gonamçylygynyň üstünden geçýändigi habar berilýär. Maglumata görä, bu sebitde gurulýan köpriniň köçä birikýän ýeriniň öwlüýäniň kiçi böleginiň üstünden geçmegi netijesinde bu ýerdäki jesetleriň üstünden gum dökülipdir.
Goçgarata gonamçylygynda 100-e golaý mazaryň bolandygy aýdylyp, şol mazarlykda ýatan adamlaryň hossarlary olara eýe çykmak üçin häkimiýetlere ýüz tutandygyna garamazdan, bu mesele barada jogap alyp bilmändirler.
Azatlyk radiosy bu mesele barada aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar