Merkezi Aziýa: hukuk ýagdaýy ýaramazlaşýar

Buhara görnüşleri

Häzirki wagt Merkezi Aziýa sebitinde söz azatlygyny, metbugat erkinligini gorap çykyş edýän žurnalistlerdir aktiwistler agyr pursatlary başdan geçirýärler. Bu ýagdaýlar sebit üçin belli bir derejede adaty ýaly bolup görünse-de, häkimiýetleriň bu ugurdaky basyşlary has-da güýçlenene meňzeýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen dilinde maglumatlary berýän ýeke-täk garaşsyz habar serişdesi bolan Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalistlerine edilýän basyşlary barha artdyrýarlar. Häzirki wagt ýurtda ýekeje-de hökümete degişli bolmadyk garaşsyz gurama galmady.

Özbegistanda ençeme žurnalist tussag edildi; edil Özbeigstanda hem bolşy ýaly, Täjigistanda dini ynançlara bolan çäklendirmeler hem barha güýçlendirilýär. Gazagystanda we Gyrgyzystanda hem azatlyklar boýunça dürli ýagdaýlar bolup geçýär.

Bu gürrüňini edýän wakalarymyz BMG-niň Baş sekratary Ban Ki-munyň Merkezi Aziýa sebitine edýän saparyna we her ýyl geçirilýän adam hukuklary boýunça ÝB-Türkmenistan dialogynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Şu günki söhbetimiziň dowamynda biz Merkezi Aziýa regionynda ýüz berýän käbir adam hukuklarynyň bozmalary, şeýle-de degişli resmileriň bu ugurdaky basyşy barha güýçlendirmegi, we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri hakda gürrüň ederis.

Mejlis atly ýörite gepleşigimiziň bu günki myhmanlary adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human rights watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Steve Swrdlow; media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Johaan Bihr we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Bruce Pannier dagy.

Gepleşigi Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Merkezi Aziýada adam hukuklary barha ýaramazlaşýar