"Metbugat gysylanda dymmak bolmaýar"

Ýohan Bir, "Serhetsiz reportýorlar" guramasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun, Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde, Türkmenistana hem barýar.

Soňky döwür bu ýurtda metbugat azatlygy, garaşsyz habar almak, garaşsyz žurnalistleriň öz işlerini etmek mümkinçilikleri ýene kynlaşyp başlady.

Eýsem şu ýagdaýda, BMG-niň Baş sekretarynyň türkmen lideri bilen duşuşygy bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygyna gözegçilik gurama hökmünde, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy nämä garaşýar?

Azatlyk radiosy bu barada Pariždäki “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Türkmenistana barýar, siz bu seýrek sapara metbugat azatlygy meseleleri nukdaý nazaryndan nähili garaýarsyňyz? Siz, media azatlygy guramasy hökmünde, bu pursatda BMG-niň başlygyndan nämä garaşýarsyňyz?

Ýohan Bir: Ban Ki-munyň Türkmenistana sapary bu ýurtdaky adam hukuklary meselesini, hususan-da informasiýa azatlygy meselesini gozgamak üçin aýgytly bir pursat. Metbugat azatlygy boýunça taýýarlaýan indeksimiziň soňky maglumatlary boýunça, Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda şindem 178-nji orunda dur, ýagny bu ýurduň metbugat azatlygy ýagdaýy juda ýaramaz. Biz Ban Ki-mundan jenap Berdimuhamedow bilen duşuşykda hut şu meseläni gozgamagy soraýarys.

Sebäbi bu ýurduň metbugat azatlygy boýunça alýan derejesi ol ýerde garaşsyz habar bermäge düýpden orun ýokdugyny görkezýär. Ol ýerde esasan ýurt içinde hasaba alnan ýekeje-de garaşsyz media ýok, üstesine bu elhenç ýagdaý soňky aýlarda raýatlaryň çanak antennalarynyň goparylyp aýrylmagy bilen has-da beterleşýär.

Häkimiýetler ilatyň daşary ýurtlardan garaşsyz habar almakdaky ýeke-täk çeşmelerini hem ýok etmek kararyna geldiler. Ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň ýene bir mysaly bolsa, soňky birnäçe hepdede Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylaryna berilýän azaryň gaýtadan güýçlenip başlanmagy bilen bagly. Bu ýagdaý Azatlygyň bir habarçysynyň çekilmegine getirdi, jenap Hallyýew resmi basyşa salgylanyp, işini bes etdi.

Bu basyşlar düýpden çekip-çydarlykly däl we, BMG-niň Baş sekretary hökmünde, Ban Ki-mun azat metbugata şunuň ýaly görnetin azar berilýän halatynda ümsüm durup bilmeli däl. Bu türkmen häkimiýetleri bilen plýuralizm, azat maglumata biraz orun, giňişlik döretmek babatda gepleşiklere girmek üçin aýgytly bir mümkinçilik. Pesinden bu ýerde žurnalistleri ýanamak boýunça gaýtadan örç alan kampaniýanyň bes edilmegini talap etmek gerek.

Azatlyk radiosy: Halkara hukuk toparlarynyň şunuň ýaly rekomendasiýalaryna garamazdan, Türkmenistandaky media azatlygy ýagdaýy üýtgäbermeýär. Siziňçe, bu ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemegi üçin rekomedasiýalardan başga nähili mehanizm bolup ýa ulanylyp bilner?

Ýohan Bir: Türkmenistanyň halkara partnýorlary bu meselede onuň bilen görnetin umumy jogapkärçilik çekýärler. Hususan-da Ýewropa Bileleşigi özüniň Merkezi Aziýa baradaky syýasatynyň çäginde adam hukuklary, media azatlygy ýaly meseleleri ykrar edýär. Dogry, biz türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikler mahalynda gaz, nebit ýaly ykdysady meseleleriň, belki-de, gün tertibindäki iň möhüm meselelerdigini gowy bilýäris.

Emma bu gepleşiklerde metbugat azatlygy baradaky meseläni açyk we yzygiderli gozgap durmak, öz syýasy çelgilerinde hem bellenişi ýaly, halkara partnýorlaryň özleri üçin hem möhüm. Sebäbi bu olaryň öz bähbitlerine hem ylaýyk gelýär.

Eger-de ýurduň içinde bolup geçýän zatlar barada ynamdar habar çeşmesi bolmasa, sen bu ýurt bilen nähili işleşip bilersiň? Sen ol ýerdäki häkimiýetleriň ynamdar partnýordugyna nähili göz ýetirip bilersiň? Bu düýpden mümkin däl. Şeýlelikde, adam hukuklary meselesine göz ýummak türkmen häkimitleri tarpyndan halkara hyzmatdaşlarynyň gowşaklygynyň alamaty hökmünde kabul ediler, bu kommersiýa gepleşiklerini hem öz içine alýar. Onsoň bu ýerde tutaryk bar.

Elbetde, biz muňa ynanýarys, ýurdy özgertmek ahyrky netijede türkmen häkimiýetleriniň elinde, emma ol Türkmenistanyň galan hyzmatdaşlaryna hem bagly: olar metbugat azatlygy baradaky talaplarynda ynamly, yzygiderli we anyk bolmaly.