Täjigistanyň Fahror etrabynyň ýaşaýjysy bolan 28 ýaşyndaky Nasim Nabotow 2-nji iýunda Siriýada minanyň üstünden basyp ölüpdir. Fahror owal Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň, ýagny MGU-nyň studenti ekeni. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bu maglumaty ýaş ýigidiň kakasy Abdulmajid Nabotowyň hem-de etrabyň howpsuzlyk organlarynyň tassyklandygyny habar berýär.
Abdulmajid Nabotowyň aýtmagyna görä, oglunyň ölendigini oňa howpsuzlyk organlary we şeýle-de Nasim bilen sosial ulgamlar arkaly aragatnaşyk saklaýan dostlary habar beripdirler. Ol bir hepde mundan owal ogly bilen telefonda gepleşendigini, oglunyň özüne Siriýa-Türkiýe serhedinde bolýandygyny we işleýändigini aýdandygyny bildiripdir. Şonda Nasim kakasyna indi Täjigistana dolanyp bilmejekdigini aýan edipdir. Sebäbi Abdulmajid Nasimow ogluna gaty gaharlanan ekeni.
Öýe getirmek
Şol gürrüňdeşlikden soň Abdulmajid Nasimow oglunyň nirede we näme işläp ýörenini anyklatmak we onuň tiz öýe dolap getirmek işinde ýardam bermeklerini sorap, onuň özüne jaň eden telefon nomerini Fahror etrabynyň howpsuzlyk gulluklaryna beripdir. Howpsuzlyk gulluklary şondan soň Siriýadaky Nasim bilen telefon aragatnaşygyny gurupdyrlar.
Nasimiň kakasy 2009-njy ýylda ogluny radikal toparlaryň täsirinden we, Nasimiň dostlary aýtmyşlaýyn, "jyhaddan" halas etmek maksady bilen Moskwanyň Lomonosow adyndaky uniwersitetini taşlap, Täjigistana dolanmagyny isläpdir. Nasim bolsa mart aýynyň başynda birden ýitirim bolupdyr. Abdulmajid Nasimowyň gürrüň bermegine görä, ol öz oglunyň Moskwadaka Siriýa gitmäge meýillidigini duýupdyr.
MGU-da okan döwri...
Onuň ogly 2007-nji ýylda Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň finans we ekonomika fakultetine giripdir. Şonda Nasim Moskwadaky metjitlere gatnap ugrapdyr, internetden gowy baş çykaryp başlapdyr we, bir ýaş ýigide gürrüň berşine görä, ol Gurhanyň sürelerini internetiň üsti bilen öwrenipdir. Kakasy oglunyň edýän işlerine goşulyşmandyr.
Nasim Nabotow ýitirim bolandan soň hossarlary onuň 5-nji mart agşamsy Kulýabdan Moskwa uçar bilen barandygyny anyklapdyrlar.
Bir klasdaşy Nasimiň mekdepde gaty başarjaň bolandygyny gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, Moskwadan dolanyp gelenden soň hemmeler onuň dünýägaraýşynyň düýpgöter üýtgändigine diýseň geň galypdyrlar. Ol dürli dini akymlar barada gürrüňler beripdir. Soň organ işgärleri ony tussag edipdirler. Ýöne soň bigünädigi anyklanyp, azatlyga çykarylypdyr.
Täjigistanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, häzirki ýagdaýda Siriýadyr Yrakdaky uruşlarda ekstremist toparlaryň we şol sanda “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda Täjigistanyň 400-den gowrak raýaty söweşýär. Käbir maglumatlara görä bolsa, Siriýadyr Yrakdaky uruşlarda häzire çenli 60-dan gowrak täjigistanly ölüpdir.