Jokrama yssy: Tok ýatýar, iş batýar

Aşgabadyň duralgalarynyň biri.

Aşgabatda bu günler howanyň temperaturasyny ölçeýän abzallar 42-43 gradusy görkezýär. Bu Türkmenistanda jöwzaly tomus paslynyň ýetip gelendiginiň esasy alamaty. Tomsuň alamatlaryndan ýene biri – toguň hem suwuň yzygiderli kesilmegidir. Bu günki gün Aşgabatda agzalan alamatlaryň üçüsine hem duş gelmek mümkin.

Paýtagtyň “Posýolka”, “Hitrowka”, “Garadamak”, “Şor” ýaly raýonlarynda eýýäm birnäçe günläp elektrik togy, il içinde aýdylşy ýaly, “oýnap” dur. Elektrik togunyň güýjüniň pesligi zerarly kondisionerlerdir split-sistemalar we sowadyjylar işläp bilmeýär.

Aşgabatda käbir ýaşaýjylar yssydan goranmak üçin kellerine ýaglyk atynýarlar.

Kähalatda toguň “oýnap” durmagy zerarly bu elektrik enjamlarynyň köýýän, ýanýan halatlarynyň hem bardygy aýdylýar. Mundan başga-da elektrik togunyň doly öçýän wagty-da seýrek däl. Meselem, ylaýyk bir hepde mundan ozal Parahat-1 mikroraýonynda elektrik togy öçdi. Ençeme sagat elektrik toksuz galan adamlar yssy howada ne split-sistemalaryny ulanyp bildiler, ne-de sowadyjylaryny.

Söwdagärlere ýetirýän täsirleri

Bu raýonda ýerleşen “Parahat” bazarynyň söwdagärleri üçin bolsa bu ýagdaý hakyky betbagtçylyga öwrüldi. Bu bazardaky söwdagärleriň käbirleri, elektrik togy öçse ulanmak üçin ýörite elektrik generatoryny edinen bolsalar, köpüsinde beýle enjam ýok. Şol sebäpden söwdagärler sowadyjylaryndaky harytlary elektrik tokly ýerlere “ewakuasiýa” etmeli, ýagny göçürmeli bolýarlar.

Söwdagärleriň berýän gürrüňinden çen tutsaň, onda öz harytlaryny halas etmek mümkinçiligi bolmadyk söwdagärleriň harytlary birnäçe sagatlap tok öçen güni şol eräp, öz harytlyk hilini, görnügini ýitiripdir.

Suw üpjünçiligine ýetirýän täsirleri

Elektrik togunyň öçmegi käbir raýonlarda agyz suwunyň kesilmegine hem getirýär. Mysal üçin, Parahat-2 mikroraýonyndaky ýaly köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlere suw nasosynyň üsti bilen barýar. Elektrik togy öçse, nasos hem öçýär. Şonuň üçin suw hem kesilýär.

Bu hili ýagdaý hatda “Posýolka” we “Hitrowka” ýaly birgatly hususy howluly jaýlarda hem bar. Bu raýonlarda öňem kadaly suw üpjünçiligi bolmansoň, ýaşaýjylar nasos goýup, içimlik suw almaly bolýarlar. Şonuň üçin, elektrik togy öçse, suw hem kesilýär ýa-da peselýär.

Kompensasiýa

Elbetde, ýaşaýjylaryň we söwdagärleriň elektrik togy bilen bagly çekýän ýitgileriniň öwezi dolunmaýar. Häkimiýetler hem ilatyň bu hili ýitgilerine asla üns bermeýäne meňzeýär.

“Bu hili kompensasiýany soramak adamlaryň kellesine-de gelenok. Asla, şeýdip kompensasiýa alyp bolýandygynam bilenok hiç kim” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Baýram aýdýar.

Düşündiriş alyp bolmaýar

Şol bir wagtda hem elektrik togy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikler barada degişli edaradan düşündiriş hem alyp bolmaýar. Aşgabady elektrik togy bilen üpjün etmeli Aşset kärhanaynyň dispetçerinden telefon arkaly düşündiriş almak gaty kyn, telefona jogap berlenoklar ýa-da, jaň etseň, telefonyň boş däldigini aňladýan signal eşidilýär.

Eger adamlar setanda-seýranda şol edaranyň dispetçerine telefony aldyryp biläýseler-de, olaryň elektrik togunyň näme sebäpden öçendigini anyklamak her gezekde başardyp duranok. Kähalatda dispetçerleriň özleriniň hem elektrik togunyň öçmeginiň sebäbini bilmeýändikleri belli bolýar.

Ine, geçen hepde-de edil şunuň ýaly ýagdaý boldy. Parahat-2 mikroraýonynda elektrik togy öçensoň, birnäçe gezek jaň edip dispetçer bilen gepleşenimde, ol onuň sebäbini we elektrik togunyň haçan beriljekdigini bilmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanda tomsuna yssy bolýar, bu ýerde hiç hili geň zat ýok. Emma, gynandyrýan ýeri, şeýle yssylarda elektrik togunyň üpjünçüliginde dürli bökdençlikleriň ýüze çykmagy adaty ýagdaýa öwrülip barýar.